Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

WELAÝATLARDAN HABARLAR

Golaýda Bäherden etrabynyň «Arçman» şypahanasynyň mejlisler zalynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda ylalaşylan meýilnama esasynda sagdyn durmuş ýörelgeleri barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa etrap Kärdeşler arkalaşygyndan we beýleki jemgyýetçilik guramalaryndan wekiller gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler türkmen sportunyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

 

Jumamuhammet SEÝITDÄÝEW, «Arçman» şypahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

 

Tejen şäheriniň 3-nji orta mekdebinde «Ähli zadyň sakasy saglyk» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Şäher häkimliginiň ýörite meýilnamasy esasynda TKA-nyň Tejen şäher birleşmesiniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda ýaýbaňlandyrylan duşuşyga ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda howanyň üýtgemegi bilen, ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin agyz-burun örtügini ulanmak, köpçülik ýerlerinde degişli howpsuz araçägi saklamak boýunça degerli maslahatlar berildi.

 

Gülälek ŞA­MA­NO­WA, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Te­jen et­ra­by.

Türkmen sporty gazeti

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.