Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

REDAKSIÝANYŇ ELEKTRON POÇTASYNDAN: TÄZELIKLER, HABARLAR, WAKALAR

Ahal

 

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň düzgünnamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň orta mekdepleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda etrabyň 12-nji çagalar bakja-bagynda «Bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep» we «Bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň maksady hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek syýasatyny durmuşa geçirmekden, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýaş nesli işjeň gatnaşdyrmakdan, olarda tebigata söýgi döretmekden we ekologiýa medeniýetini kemala getirmekden ybarat boldy.

Bäsleşigiň şertine görä, bilim edarasynda bagy-bossanlyga degişli işleriň ýola goýluşy, bilim edarasynyň howlusynda, daş-töwereginde, oýun meýdançalarynda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişi, miweli baglaryň, bezeg ösümlikleriň we gülleriň ösdürilip ýetişdirilişi hem-de olara ideg edilişi işler esasynda ýeňijileri ýüze çykarmakda olaryň baý iş tejribelerine aýratyn ähmiýet berildi. Ýeňijilere etrap bilim bölüminiň we Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Sarahs etrap geňeşiniň sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.

 

Azat ÖWEZGURDOW, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Sarahs etrap geňeşiniň başlygy.

 

Daşoguz

 

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň «Hasylçy» geňeşliginiň çäginde ýerleşýän döwrebap ýyladyşhana toplumynda tapgyrlaýyn ekilen pomidoryň bol hasyly ýetişdirildi.

Toplum Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn gala gurluşyk» hususy kärhanasyna degişlidir. Onuň umumy meýdanynyň 4 gektaryny pomidoryň dürli görnüşleri ýetişdirilýän ýyladyşhana eýeleýär. Bu ýerde ýylda dürli görnüşli pomidorlaryň 800 tonnasy ýetişdirilip, welaýatyň çägindäki bazarlara, söwda nokatlaryna, şeýle-de ýörite buýurmalar esasynda sarp edijilere ugradylýar. Ýyladyşhananyň işçi-hünärmenleri bu ýyly hem uly zähmet ýeňişlerine beslemegi meýilleşdirýärler. Ýyladyşhanada her hepdede 18 — 20 tonna hasyl ýygnalýar.

Işçi-hünärmenler işlemäge döredip berýän amatly şertleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýdýarlar.

 

Şemşat ÇARYÝEWA, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy.

Watan gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.