Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAKY BAGTYÝARLYGYŇ ÇEPER BEÝANY

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny hem-de Halkara Bitaraplyk gününi dabaralandyrmak maksady bilen, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde welaýat häkimliginiň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat Medeniýet we Baş bilim müdirlikleriniň guramaklarynda “Bagtyýarlyk — baky buýsanjym” atly surat çekmek hem-de sergi bäsleşigi geçirildi. Oňa welaýatyň çägindäki çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylary, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary, höwesjeň suratkeşler we bu ugurda zähmet çekýän mugallymlar öz çeken suratlary, döreden eserleri bilen işjeň gatnaşdylar. Bäsleşige hödürlenen eserlerde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen baky bagtyýarlyga beslenen ajaýyp döwrümiziň, gözel Diýarymyzyň şekillere siňen belent waspy şöhlelenýär. Şeýle hem olarda dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde tanalýan baky Bitarap döwletimiziň hoşniýetli we ynsanperwer daşary syýasaty özboluşly beýan edilýär.

Çeper döredijilik, sungat bilen gyzyklanýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, olary höweslendirmekde uly ähmiýete eýe bolan bu bäsleşigiň netijesine görä, okuwçylaryň arasynda baýrakly orunlara Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary Güljahan Myradowa, Leýli Toýlyýewa, Aziz Abdirimow dagy mynasyp boldular. Welaýatyň çeperçilik mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary Nursultan Meredowa birinji, Ýelena Meleşkina ikinji, Ogulkeýik Ýoldaşowa üçünji orunlary eýelediler. Orta mekdeplerde zähmet çekýän mugallymlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde birinji orna S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 63-nji orta mekdebiň mugallymy Mähri Amanowa, ikinji we üçünji orunlara bolsa, degişlilikde, Gurbansoltan eje adyndaky etrapdaky 50-nji orta mekdebiň mugallymy Duşanbaý Sadullaýew bilen Görogly etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiň mugallymy Gunça Myradowa dagy mynasyp boldular. Talyplaryň arasynda geçen bäsleşikde Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary Dildora Polatowa, Manzura Rasulowa, Munajat Şakirowa dagy baýrakly orunlary eýelediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Şeýle hem bäsleşige işjeň gatnaşanlar höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanyldy.

 

Gurban GURBANOW, «Daşoguz habarlary».

Surata düşüren Allanur SAPAROW.

Daşoguz habarlary gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.