Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGDYNLYK — RUHUBELENTLIGIŇ ÇEŞMESI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň ýaş nesliň ylymly-bilimli, sagdyn ruhly, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji bolmagy barada edýän tutumly işleri rowaç alýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýylyň her paslynyň çalyşmagy bilen döreýän möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak barada meýilnama esasynda geçirilýän işlerimiz miwesini berýär. TMÝG-niň etrap geňeşi, TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, maşgala lukmanlary bilen bilelikde mekdeplerde, çagalar edaralarynda, edara-kärhanalarda, ýaşlaryň arasynda “Sagdynlyk — ruhubelentligiň, ýaşaýşyň çeşmesi” diýen at bilen wagyz-nesihat çäreleri ynsan saglygy, ýokanç kesellere garşy göreşmek barada giňişleýin gürrüňdeşlik geçirilýär. Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň wajyp wezipeleri, bagtyýar halkymyzyň saglygyny berkitmek, ýokanç kesellerden goramak her bir ynsanyň saglygyny dikeltmek barada berilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak esasy wezipe bolup durýar. Bagtyýarlygyň gözbaşy bolan saglygyň, ruhubelentligiň çeşmesidigini düşündirýäris.

 

Şamedet KULOW. TMÝG-niň Serhetabat etrap geňeşiniň başlygy.

Maru-şahu jahan gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.