Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TAPYLGYSYZ BAÝLYK

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda raýatlaryň sagdyn ýaşamagy üçin zerur şertler döredilýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen saglygymyzy berkitmekde düýpli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!”diýen şygarynyň durmuşa giňden ornaşdyrylýandygyny biz gündelik durmuşymyzda görýäris. “Saglygym — baş baýlygym» diýen halk pähiminiň aýdyň şöhlelenýän ýurdy bolan Türkmenistanda her bir raýatyň saglygy döwletiň baş baýlygydyr. Il saglygyny goramak, dürli keselleriň öňüni almak, ýurtda lukmançylyk hyzmatynyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak döwlet syýasatymyzyň baş maksady. Her bir adam arassaçylyk kadalarynyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidir, daş-töweregini arassa, tämiz saklamalydyr!

Ýurdumyzda möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak üçin jemgyýetçilik guramalary etrabymyzyň raýatlarynyň arasynda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirýärler. Düşündiriş, wagyz-nesihat çäreleri aýratyn ähmiýete eýedir.

 

Ylýas DURDYÝEW. Wekilbazar etrabynyň Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň hünärmeni, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Maru-şahu jahan gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.