Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TUTANÝERLI ZÄHMETE RUHLANDYRÝARYS

Biziň fabrigimiz ýurdumyzyň baýry kärhanalarynyň biri. Bu ýerde hünärmenlerimiz müşderileriň arasynda uly isleg bildiril-ýän ýokary hilli tikinçilik önümlerini öndürýärler. Olar ýurdumyzyň ykdysady ösüşine, içerki bazaryň harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga saldamly goşant goşýarlar. Fabrigimizde oturdylan häzirki zaman tikinçilik enjamlary bolsa öndürilýän önümleriň hiliniň ýokary bolmagyna şert döredýär.

Häzirki wagtda kärhanamyzda tikin we trikotaž önümleriniň 120-den gowrak görnüşi öndürilýär. Olar alyjylar tarapyndan uly isleg bildirilýän harytlardyr. Bu ýerde öndürilýän erkekler, aýallar we çagalar üçin möwsümleýin geýimler, ýantorbalar, düşek toplumlary, ýorgan, ýassykdaşy ýaly önümler ilata elýeterli bahalardan hödürlenilýär. Agzybir we tutanýerli zähmetiň netijesinde kärhanada aýlyk we ýyllyk meýilnamalar hemişe artygy bilen berjaý edilýär.

Biz hem işgärleriň dynç alşyny guramak, zähmetini goramak boýunça talabalaýyk işleri alyp barýarys. Önümçilikde tehniki howpsuzlygyň düzgünlerini berjaý etmäge bagyşlanan okuwlary guraýarys. Sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak babatdaky talaplardan ugur alyp, önümçilik maşklaryny yzygiderli geçirýäris. Kärhanamyzyň esasy düzüminiň aýal-gyzlardan ybaratdygyny göz öňünde tutup, dürli medeni çäreleri, wagyz-nesihat işlerini hem yzygiderli alyp barýarys. Geçirilýän çäreler olary tutanýerli zähmete ruhlandyrýar.

 

Kümüş REJEPOWA, Türkmenabat tikin fabriginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Türkmen gündogary gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.