Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

«ÇAGA HUKUGYNYŇ JEMGYÝETDÄKI ORNY» ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşi, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde  gurnamaklarynda «Çaga hukugynyň jemgyýetdäki orny» atly maslahaty geçirildi.

123

Şu maslahaty Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy B.Babajykow alyp bardy.

Geçirilen maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy A.Durdyýewa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy J.Igdirow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty J.Ýegenowa,  Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji N.Baýramowa, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Aşgabat şäher notarial edarasynyň döwlet maslahatçysy N.Amanowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy B.Mämmedowa we Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň "Ene mähri" diýen hormatly adynyň eýesi N.Annageldiýewa dagylar  gatnaşyp,  çaga hukugynyň jemgyýetdäki orny barada olar maslahatda çykyş etdiler.

123

 

Begenç Ak, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maglumat-seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.