Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI YGLAN EDILDI

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 24-nji noýabrynda ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilelikde gurnamagynda “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalynyň üsti bilen yglan eden “Ýylyň ykdysatçysy” atly ykdysady ugurly ylmy häsiýetli makalalaryň bäsleşiginiň jemlerine bagyşlanan dabara geçirildi. Şol güni säher bilen ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet hem-de Bank toplumynyň işewür agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda ýurdumyzyň ykdysady-bank ulgamynda yhlasly zähmet çekýän tanymal zähmet adamlarynyň birnäçesi çykyş etdi. Olar öz çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda kabul edilen innowasion häsiýetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny we “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň” konsepsiýasyny ýokary hilli amala aşyrmakda alnyp barylýan işler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Uly ruhubelentlige beslenip geçirilen baýramçylyk maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet hem-de Bank toplumynyň işgärleriniň arasynda yglan edilen “Ýylyň ykdysatçysy” atly bäsleşigiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak Agentliginiň ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy Hangeldi Gurbangeldiýew – baş baýraga, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş buhgalteri Allamyrat Keýmirow – I orna, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşi we maliýesi müdirliginiň baş hünärmeni, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň magistranty Meýlis Döwletow – II orna, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgärler syýasaty müdirliginiň daşary ýurt tejribesini özleşdirmek we hünärmenleri taýýarlamak bölüminiň baş hünärmeni Gülaýym Şükürowa – III orna, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň öwreniji-mugallymy Sähragül Ýamadowa – höweslendiriji orna mynasyp bolan ykdysatçylara Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýeňijileri sylaglamak dabarasyndan soňra Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdymçy mugallymlarynyň ýerine ýetirmeginde ýurdumyzyň ösüşlerini, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasatyny wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli, yglan edilen “Ýylyň ykdysatçysy” atly bäsleşigiň jemlerine bagyşlanyp bilelikde guralan dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan Maliýe we ykdysadyýet hem-de Bank toplumynyň işgärleriniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başyndaky söhbetli gepleşik hem ýazgy edildi. Rowaçlyga beslenip geçirilen bu dabara gatnaşyjylar döredilip berilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

123

123

 

Begenç Baýramow,

Türkmenistanyň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň

kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.