Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

MAŞGALA MUKADDESLIGI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Hazar şäher geňeşiniň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Hazar şäher birleşmesiniň bilelikde guramagynda şäheriň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň mejlisler zalynda ýaş hünärmenleriňdir mugallymlaryň arasynda «Maşgala ojagy mukaddesdir» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Bu duşuşyga halypa mugallymlar gatnaşyp, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly kitabyndan rowaýatlaryň, wakalaryň, tymsallardyr nakyllaryň üsti bilen ýaşlaryň asylly, edepli-ekramly, mylakatly, eli hünärli, işeňňir bolmalydygy, şeýle-de maşgala gymmatlyklary we agzybirligi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Döwletimizde ýaşlary terbiýelemek, olara dürli hünärleri öwretmek, milli mirasymyza bolan söýgüni döretmek üçin ähli şertler döredilendir. Goý, şeýle ajaýyplyklary bize peşgeş berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Irina MENGAZETDINOWA, Hazar şäherindäki Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy.

Watan gazeti

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.