Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

DÖREDIJILIK ÜSTÜNLIGI

Ynsana berilýän çäksiz mümkinçilikleri ele almakda ukyp-başarnygyň zerur bolşy ýaly, işiňe bolan yhlasyň möhümdigini hem bellemeli. Zehinli, yhlasly ýaş nesilleriň kemala gelmegi we kämilleşmegi üçin bolsa Gahryman Arkadagly eziz Watanymyzda ähli mümkinçilikler döredilendir. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän döredijilik bäsleşikleri ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykmagynda aýratyn ähmiýetlidir. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Medeniýet, Içeri işler ministrlikleriniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde “Ýurt abadan — il bagtyýar” diýen at bilen çagalar çeperçilik mekdeplerinde okaýan çagalaryň arasynda yglan eden surat çekmek boýunça bäsleşigi zehinli ýaşlaryň birnäçesini orta çykardy. Bäsleşigiň döwlet tapgyrynda reňk bilen surat çekmek (akwarel) boýunça Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Gülzada Aşyrowa baýrakly 3-nji orna mynasyp boldy. Gülzada Aşyrowanyň surat çekmek boýunça bu üstünligi gazanmagynda halypa mugallymy Döwran Halylowyň hyzmatynyň uludygyny aýratyn bellemeli. Üç ýyl bäri çagalar sungat mekdebiniň çeperçilik bölüminde nakgaşçylygyň inçe tilsimlerini ele alýan Gülzadanyň döredijilik üstünligi ýurdumyzda ýaş zehinleriň yhlasynyň myrat tapýandygyny görkezýär. Bagtyýar nesilleriň çeper döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözler ýaş suratkeş Gülzada Aşyrowanyň dilinde sena bolup ýaňlanýar.

 

Ýörite habarçymyz.

Daşoguz habarlary gazeti

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.