Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

PARAHAT DURMUŞYŇ KEPILI

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Halkara Bitaraplyk gününiň şanyna biziň welaýatymyzda hem wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar, ylmy-amaly maslahatlar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şunuň ýaly çäreleriň biri geçen hepdäniň anna güni «Baky Bitaraplyk — bagtyýarlygyň gözbaşy» ady bilen welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde geçirildi. Onda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Hanbaý Saparow, welaýat kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi Ýazly Dädebaýew, maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Çemen Myradowa, KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Bibigül Amanowa, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň ykdysatçysy Daýanç Mätgurbanow, Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň baş hünärmeni Selbi Hojakowa, maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda bitaraplyk hukuk derejesiniň döwletimiziň täze taryhyndaky, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýeti, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde parahatçylygy goramak barada edýän tagallalary bilen paýtagtymyzyň ylalaşdyryjy merkeze öwrülýändigi, ýurdumyzyň BMG bilen ysnyşykly gatnaşyklary hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.

 

Öre HOJAÝEW, öz habarçymyz.

Daşoguz habarlary gazeti

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.