Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

KALBYŇY BENDI EDÝÄN ESER

Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň teklibi bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen tamamlanyp barýan ýylymyz belent sepgitler, taryhy wakalar bilen şöhratlanýar. Şol wakalaryň naýbaşysy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýy taryhyň gatyna müdimilik ýazyldy. Şu senäniň öňüsyrasynda ýurt Baştutanymyzyň “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly ajaýyp kitabynyň çapdan çykmagy baýramçylygymyzyň dabarasyna dabara goşdy. Gyzyldan gymmatly bu eser 13 bölümden ybarat bolup, üç dilde neşir edildi. Milli Liderimiziň täze kitabynyň gadymy halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyndaky ähmiýetinem ýatlamak ýakymlydyr.

Ähli ýerde bolşy ýaly, mähriban Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy biziň etrabymyzda-da giň gerime eýe bolýar. Geňeşimiz etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde bilim edaralarynda duşuşyklary geçirip, olarda ýurt Baştutanymyzyň öz okyjylaryna peşgeş beren “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly ajaýyp kitabynyň ähmiýeti barada täsirli gürrüň berýärler.

 

Mahym HOJAMGULYÝEWA. Ylym-bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Oguzhan etrap geňeşiniň başlygy.

Maru-şahu jahan gazeti

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.