Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

GYMMATLY SOWGAT

Hormatly Prezidentimziň bize sowgat beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 13-nji jildi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyna ajaýyp sowgat boldy. Biz bu kitaba türkmen tebigatynyň taýsyz terjimehaly diýesimiz gelýär. Sebäbi, bu kitapda türkmen tebigatynda, ýagny, ýurdumyzyň dagynda, düzünde, kölünde, deňzinde, umuman, Watanymyzyň ähli künjeklerinde, giňişliklerinde bitýän ösümikleriň dermanlyk, melhemlik häsiýetleri, olaryň ösüşi, ýaýraýşy, ýygnalyşy, saklanylyşy, olardan dermanlyk serişdeleriň, melhemleriň taýýarlanylyşy baradaky baý ylmy maglumatlary öwrenýäris. Şonuň üçin hem kitap öz gatyny açan her bir okyjy üçin gymmatly gollanma bolup durýar. Kitap 3 dilde — türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilen. Şeýle hem maglumatlaryň ähli okyjylara düşnükli dilde beýan edilmegi kitabyň gymmatyny has-da artdyrýar. Edil beýleki jiltlerinde bolşy ýaly, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň şu jildi hem 2 bapdan ybarat bolup, onda dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamalary barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby ýaş nesillere lukmançylyk ugrundan köp zatlary öwretmekde, ylma ugrukdyrmakda örän uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şeýle gymmatly kitabyň okyjylara gowuşmagy mynasybetli ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys.

 

Jumagözel ANNAGYLYJOWA. Baýramaly şäher saglyk öýüniň lukmany, zähmet weterany, KA-nyň işjeň agzasy.

Maru-şahu jahan gazeti

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.