Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

KEÝMIR SERDARYŇ JOGABY

Bir gün Keýmir Büjnürde baranda hanyň gyzy Gülsüm: — Size gepe ökde diýýärler. Bir sowalym bar! — diýipdir. Keýmir kör: — Bolar, hany sowalyňyzy eşideli! — diýýär. — Keçe, keçe, keçedir, keçe ýoldan geçedir, asmandaky ýyldyzlaryň bilgin, sany niçedir?! Keýmiriň jogaby nagt bolýar: — Ok gadyryn atan biler, Ýaý gadyryn çeken biler. Asmandaky ýyldyz sanyn, Siz deý, arkan ýatan biler. — Ençe zat ent eýledi, Bir niçe pent eýledi. Ýigrimi dört sany ýyly, Dört aýa bent eýledi. — Älemi zatda gördüm, Zady zulmatda gördüm. Seniň soran sözleriň Ýaňyja bir atda gördüm. — Berekella, serdar aga! 24 sany ýyly bir aýa bent eýlemek, 24 sany myh bilen atyň dört nalyny kakmak — diýip, hanyň gyzy Keýmir serdar bilen bolan bu gürrüňdeşlikden hoşaldygyny bildiripdir.

 

Taýýarlan Amanmyrat ÝAMADOW. Wekilbazar etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň geografiýa mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.