Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

«ZÄHMETI GORAMAK –SAGDYN WE HOWPSUZ IŞ ŞERTLERINIŇ GIREWIDIR» ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygaky berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamalaýyn wezipelerini berjaý etmek, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmak, zähmetkeşler üçin howpsuz we amatly şertlerini döretmäge  ýardam bermek, olaryň tagallalaryny, täze özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak maksady bilen, «Zähmeti goramak-sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir»  atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

 

Şu wagyz-nesihat duşuşygy  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy P.Kakajaýew alyp bardy.

Geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna  Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň metrologiki döwlet gözegçilik bölüminiň uly döwlet inspektory A.Kuwadow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň 1-nji bölüminiň uly gözegçisi, içerki gullugynyň kapitany G.Aliýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň tehniki gözegçisi Geldimyrat Annamyradow we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň hukuk gözegçisi Ýunus Muhammedow dagylar  gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygyň barşynda bu çärä gatnaşanlar Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, zähmeti goramak babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, işgäriň howpsuzlyk we arassaçylyk talaplaryna jogap berýän zähmete bolan hukugy, zähmeti goramak babatda işgärleriň hukuklaryny goramagyň döwlet kepillikleri, iş berijiniň zähmeti goramagy üpjün etmek boýunça borçlary, zähmeti goramak boýunça talaplar, zähmeti goramagyň döwlet dolandyryşy, zähmeti goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary hem-de zähmeti goramak babatda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki edaralarynyň ygtyýarlyklary, işgärleriň hususy gorag serişdeleri bilen üpjün edilmegi, işgärleri süýt, bejeriş-öňüni alyş iýmiti, gazlaşdyrylan duzly suw, çaý, hususy gorag we arassaçylyk serişdeleri bilen üpjün etmek,şeýle hem işgärlere sanitariýa-durmuş we bejeriş-öňüni alyş taýdan hyzmat etmek, işgäriň zähmeti goramak babatdaky borçlary, işgäriň ömrüne we saglygyna howp salýan işleri ýerine ýetirmekden ýüz öwürmäge bolan hukugy barada çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.