Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WELAÝATLARDAN HABARLAR

Golaýda Serdar şäher häkimliginiň mejlisler zalynda «Sagdynlyk ruhubelentligiň hem bagtyýarlygyň çyragydyr» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga

şäher häkimliginiň, şäheriň we etrabyň saglygy goraýyş edaralarynyň, sport we

ýaşlar syýasaty bölümleriniň, TDP-niň şäher komitetiniň hem-de TKA-nyň şäher

birleşmesiniň, TMÝG-niň Serdar şäher geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýerde çykyş edenler ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek arkaly ilatymyzyň saglygyny berkitmek we türkmen sportuny dünýäde iň öňdäki orunlara çykarmak boýunça wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygy, abraýly halkara sport bäsleşiklerinde şowly çykyş edýändikleri barada buýsanç bilen nygtadylar.

 

Çaryýar HOJAMYRADOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýatynyň Serdar şäher birleşmesiniň başlygy.

Türkmen sporty gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.