Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ŞANLY SENE MYNASYBETLI

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatymyzdaky orta mekdepleriň birnäçesinde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Şonuň çäginde guralan açyk sapaklar, şeýle-de göreldeli sapaklar bilim işgärleriniň hünär ussatlygyny aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Kaka etrabyndaky 1-nji orta mekdep göreldeli bilim ojaklarynyň biri hasaplanýar. Agzalan mekdepde öz kärine ussat, tejribeli bilim işgärleriniň onlarçasy zähmet çekmek bilen, ýaş nesle döwrüň ruhunda, döwrebap bilim-terbiýe bermekde yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Şeýle bilim işgärleriniň birnäçesiniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden belleniljek Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dürli synplarda guran açyk sapaklary, şeýle-de göreldeli sapaklary täsirliligi bilen tapawutlandy.

1-nji synplarda bolan göreldeli sapaklar myhmanlarda aýratyn uly gyzyklanma döretdi. Onda mugallym başlangyç synp okuwçylarynyň sözleýşini kämilleşdirmekde milli mirasymyzdan peýdalanmak babatdaky baý iş tejribesini we ussatlygyny görkezdi.

Täsirli sapaklar beýleki synplarda-da guralyp, olar sanly bilim ulgamyna geçilýän döwürde mugallymlaryň okatmagyň döwrebap usullaryndan netijeli peýdalanmak boýunça başarnyklaryna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Okuwçy ýaşlaryň sapaklara işjeň gatnaşmagy bolsa, olaryň bilimleri çuňňur özleşdirmäge bolan höwesiniň uludygyny alamatlandyrdy.

 

Pirmuhammet ÇARYÝEW, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.

Ahal durmuşy gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.