Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGY-BERKARAR WATANYMYZYŇ MERTEBESI, BUÝSANJY» ATLY AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy- berkarar Watanymyzyň mertebesi, buýsanjy» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

123

Şu baýramçylyk dabarany Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň  başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy S.Ataberdiýew alyp bardy.

Geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň baş hukuk gözegçisi H.Gurbanow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň hukuk maslahatçysy J.Rejepmedowa, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi S.Mämmethanow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Söwda  we telekeçilik ugrynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy M.Jumaýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Demirýolçularyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy A.Aşşiýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy R.Rahmanow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit  we gaz uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Ş.Nurgylyjowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hyzmat ediş bölüminiň esasy kitaphanaçysy D.Myradowa dagylar gatnaşdylar we olar bu dabarada Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy - berkarar Watanymyzyň mertebesi, buýsanjy barada çykyş etdiler.

123

Geçirilen bu dabarada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň tabynlygyndaky Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyş etdiler.

123

 

Ak Begenç, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maglumat-seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.