- TM
- RU
2021-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilelikde gurnamaklarynda «Ady äleme dolan-türkmen keşdesi» atly maslahaty geçirildi.
Şu maslahaty Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr - Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Paýhas synagy” bölüminiň müdiri A.Klyçewa alyp bardy.
Geçirilen maslahata Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr A.Şagulyýewa, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy A.Durdyýewa, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Dokmaçylar medeni merkeziniň çeper ýolbaşçysy A.Nurmuhammedowa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym,bilim,sanly ulgam,sport we medeniýet baradaky komitetiniň agzasy B.Seýidowa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy, deputat A.Göjenowa,Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy,öý hojalykçy O.Geldiýewa, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzasy, telekeçi O.Eýeberdiýewa hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri A.Mukymowa we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby G.Ataýewa dagylar gatnaşyp, ady äleme dolan-türkmen keşdesi barada çykyş etdiler.
Ak Begenç, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maglumat-seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni.
![]() | ![]() | ![]() |
![]() | ![]() | ![]() |
![]() | ![]() | ![]() |
![]() |