Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TAGALLALARYMYZYŇ NETIJESI

Ajap eýýamymyzyň ýeňişli ýyllary Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap kärhanalarda döredijilikli zähmet joşup, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna saldamly goşant goşulýar. “Marykarbamid” zawodymyzam ajap eýýamymyzyň öňdebaryjy tehnologiýaly kärhanalarynyň biri bolup, bu ýerde oba hojalyk üçin zerur bolan mineral dökünler öndürilýär. Kärdeşler arkalaşygy guramamyz kärhanamyzyň himiýaçylarynyň tutanýerli zähmetine goldaw-ýardam bermek maksady bilen degerli işleri geçirýär. Biz işgärleriň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmakda ähli aladalary edýäris. Olaryň ýörite egin-eşikler, ilkinji özüňi goraýyş serişdeler bilen üpjünçiligi ugrunda zerur çäreleri görýäris. Garaşsyz, Bitarap döwletimizde dabarasy dag aşýan baýramçylyklarda we şanly senelerde baýramçylyk çärelerini geçirýäris. Önümçiligiň öňdebaryjylaryny gymmat bahaly sowgatlar bilen höweslendirýäris. Bu bolsa işimiziň ilerlemegine oňyn täsirini ýetirýär.

 

Rejepmyrat AMANOW. “Marykarbamid” zawodynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Maru-şahu jahan gazeti

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.