- TM
- RU
Ajap eýýamymyzda Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle tutumly işlerde zähmet adamlarynyň kanuny hukuklarynyň döwlet tarapyndan kepillendirmeleriniň oňyn çözgüdi üpjün edilýär. Bu bolsa zähmet adamsy hakyndaky köptaraplaýyn aladany öz içine alýar.
Kärhanamyzyň kärdeşler arkalaşygy guramasy agzalarymyzyň ýüzlerçesini özünde jemleýär. Biz energetiklerimiziň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmakda uly tagallalary edýäris. Guramamyzyň tertipnamasyndan gelip çykýan wezipeleri talaba laýyk berjaý edip, borçlarymyza abraý bilen hötde gelmegimiz kärhanamyzda ýokary zähmet öndürijiliginiň gazanylmagyna bähbitli täsirini ýetirýär. Zähmet adamsy hakyndaky uly aladamyzy ýokarlandyryp, şanly ýylymyzy mynasyp garşylamagy maksat edinýäris.
Röwşen GYLYÇMÄMMEDOW. Mary DES-iniň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.
***
Gahryman Prezidentimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasaty il-gün bähbitli tutumly işlerde özüniň beýanyny tapýar. Aýratynam, bagtyýarlyk zamanamyzda bu syýasatyň çäklerinde zähmet adamsy dogrusynda durmuşa geçirilýän işler ähli ugurlarda işleriň ilerlemegine getirýär. Bu möhüm meselede kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň paýyna jogapkärli wezipe düşýär.
Önümçilik birleşigimiziň kärdeşler arkalaşygy komitetimiz tarapyndan işgärleriň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmakda, howpsuz zähmeti üpjün edip, tehniki howpsuzlygyň kadalarynyň berjaý edilmegini gazanmakda degerli işler geçirilýär. Önümçilik birleşigimiziň önümçiliginiň aýratynlygy ýokarda ýatlanlarymyza uly üns berilmegini talap edýär. Biz şeýle talapdan ugur alyp, işgärlerimiz hakynda yzygiderli aladalanýarys.
Güljan SAPARDURDYÝEWA.
“Maryazot” önümçilik birleşiginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň hünärmeni.
***
Ajap eýýamymyzda Arkadag Prezidentimiziň başda durmagynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ösüşli ýoly rowaçlanýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanyp, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýy gowulanýar. Zähmet adamsy hakynda alada iş öndürijiliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Şunda kärhanalarda we guramalarda zähmeti goramak, tehniki howpsuzlygyň kadalarynyň, önümçiligiň tehnologiki düzgün-nyzamynyň berjaý edilmegi hemişe derwaýys wezipe bolup durýar.
Biz kärhanalarda we guramalarda bolup, ýokarda ýatlanlarymyzyň talaba laýyk berjaý edilmegine gözegçilik edýäris. Zähmeti goramagyň, tehniki howpsuzlygyň düzgünleriniň berk berjaý edilmeginiň derwaýysdygyny işgärlere düşündirmeklige uly üns berýäris. Şu maksat bilen kärhanalarda we guramalarda düşündiriş çärelerini yzygiderli geçirip durýarys. Şeýle tagallalarymyz bolsa önümçilikde howpsuz zähmetiň üpjün edilmegine ýardam edýär.
Berdimyrat ALLABERDIÝEW. TKA-nyň welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi.
Maru-şahu jahan gazeti