Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZEHIN BÄSLEŞIGI – ZEHINLILERIŇ BÄSLEŞIGI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly   Prezidentimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler syýasaty netijesinde biziň ýurdumyz  ähli ugurlar boýunça ägirt uly üstünlikleri gazandy. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary hem örän möhüm durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge, strategiki döwlet maksatnamalaryny  we iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge, ukyply we giň gözýetimli işgärleriň ýüze çykarylmagyna goşandyny goşmak hem-de “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň  bilelikde kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň arasynda “Zehin bäsleşigi” atly bäsleşigi geçirildi.

2021-nji ýylyň fewral aýynyň 04-den dekabr aýynyň 23-ne çenli dowam edip,  4 tapgyrdan ybarat bolan (saýlama, esasy, jemleýji tapgyryň ýarym jemi we jemleýji tapgyrlary) bäsleşikde 14 sany Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň pudaklaýyn Geňeşleriniň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Bäsleşikde hünär soraglaryna, geografiýa, taryh, milli miras, kärdeşler arkalaşyklarynyň işi we zehin soraglaryna jogap berip, iň ýokary utuk gazanyp üstünlikli çykyş edenler bäsleşigiň indiki tapgyrlaryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşigiň dowamynda ähli gatnaşanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň höweslendiriji sowgatlary gowşuryldy.

2021-nji “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň  bilelikde geçiren “Zehin bäsleşiginiň” jemleýji tapgyry 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 23-ne geçirildi.

“Zehin bäsleşiginiň”  jemleýji tapgyryna:

1. Begenjow Berdimyrat - “Türkmenenergoabatlaýyş” ýöriteleşdirilen önümçilik birleşiginiň sazlaýyş sehiniň tehniki enjamlarynyň ussasy (Energetika  işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy)

2. Meretliýew Parahat -  Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni (Döwlet edaralarynyň  işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy)  gatnaşdylar.

2021-nji “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň  bilelikde geçiren “Zehin bäsleşiginiň” jemleýji tapgyrynda iň ýokary utuk gazanyp üstünlikli çykyş eden “Türkmenenergoabatlaýyş” ýöriteleşdirilen önümçilik birleşiginiň sazlaýyş sehiniň tehniki enjamlarynyň ussasy Berdimyrat Begenjowiç Begenjow 2021-nji “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň “Zehin bäsleşiginiň” ýeňijisi diýip yglan edildi.

 Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

“Zehin bäsleşigi” şol bir wagtyň özünde sms arkaly telegörüjileriň arasynda hem geçirildi. Bäsdeşler bilen bir hatarda soraglara dogry we wagt taýdan iň çalt jogap beren ildeşlerimiz ýeňiji diýip hasaplanyldy. Her bäsleşigiň soňunda sms arkaly berlen soraga dogry jogap berip, ýeňiji bolan Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň höweslendiriji sowgatlary bilen sylaglandy.

 

Şemşat Setdarowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.