Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyna ugrady. Milli Liderimiz Sankt-Peterburgda geçirilýän GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl sammitine gatnaşdy.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

surat

Ählumumy koronawirus pandemiýasy zerarly, tutuş dünýäniň ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklaryna garamazdan, geçip barýan ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin örän netijeli ýyllaryň biri boldy. Sebitiň ýurtlarynyň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, 1991-nji ýylyň dekabrynda döredilen bu iri sebit guramasy täsin döwletara düzüme öwrüldi. Onda özara gatnaşyklar öňde durýan umumy wezipeler hem-de her bir agza ýurduň milli bähbitleri nazara alnyp guralýar.

Başgaça aýdylanda, GDA öz işinde häzirki döwrüň halkara hyzmatdaşlygynyň binýadynda goýlan esasy ýörelgelere — hoşmeýilli erk-islege, özara ynanyşmaga hem-de deňhukuklylyga eýerýär. Hut şeýle çemeleşme dostluk köprüleriniň ýola goýulmagyna we bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam edýär.

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşýar hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda giň ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda çykyş edýär.

GDA giňişliginde ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk sebitiň halklarynyň taryhyň dowamynda emele gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň möhüm Kararnamalaryna garalanda we kabul edilende, BMG-niň saýlawly edaralaryna dalaşgärler boýunça ses berlende, GDA ýurtlarynyň özara goldaw bermek babatda ýola goýan tejribesini bellemek gerek. Şu babatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul eden Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny GDA döwletleriniň ählisiniň goldandygyny ýatlamak ýerlikli bolar.

Häzirki wagtda, çärýek asyrdan gowrak wagt geçenden soň, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi sebit we ählumumy durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolmagynda galýar we halkara gün tertibiniň köp meselelerini çözmekde bitaraplyk ýörelgelerini ulanmagyň ýokary netijeliligini görkezýär.

GDA-nyň ýurtlary şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjyny durmuşa geçirmekde goldawyny hem-de raýdaşlygyny bildirdiler. Bu başlangyç BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen berkidildi. Türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda “Binagärlik we şähergurluşyk ýyly» diýlip yglan edilendigi bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň döşe dakylýan altyn nyşany bilen sylaglanylmagy geçip barýan ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Media ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan bu teleradiokompaniýanyň işi umumy maglumat giňişligini saklamaga hem-de GDA-da maglumatlary alyşmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

...Birnäçe sagatdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň “Pulkowo” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýeri bolan B.N.Ýelsin adyndaky Prezident kitaphanasyna tarap ugrady. Bu ýerde milli Liderimizi Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.

Sammite şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýew hem çagyryldy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň resmi däl sammitini açyp, hemmelere çakylygy kabul edendikleri üçin hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, dostlukly döwletleriň Baştutanlaryny guramanyň döredilmeginiň 30 ýyllygy hem-de GDA döwletleriniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Russiýanyň Lideriniň belleýşi ýaly, Arkalaşygyň döredilmegi, gürrüňsiz, uly ähmiýete eýe boldy. Dürli ugurlarda, biziň döwletlerimiziň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hem, ykdysady ulgamda hem ýakynlaşmak düýpli häsiýete eýe boldy. Onuň pikirine görä, hut ýola goýlan gatnaşyklar dünýäniň ähli ýurtlarynyň ýüzbe-ýüz bolan pandemiýa bilen bagly çylşyrymly döwrüni hem geçmäge mümkinçilik berýär.

Koronawirusa garşy umumy göreşiň ara alyp maslahatlaşmalaryň möhüm hem-de derwaýys meseleleriň biridigini nazara almak bilen, ýokary derejeli duşuşyga Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adamlaryň abadançylygy boýunça federal gullugyň ýolbaşçysy, Russiýa Federasiýasynyň Baş döwlet sanitariýa lukmany Anna Popowa çagyryldy. Ol howply ýokanja garşy göreşmekde bilelikdäki işiň geljekki ugurlary barada gürrüň berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde çykyş edip, Prezident Wladimir Putine bu ugurda edilýän kömek üçin minnetdarlyk bildirdi.

Häzirki güne çenli Türkmenistanda bu pandemiýa hasaba alynmady. Russiýa Federasiýasynyň goldaw bermegi netijesinde biz ilkinjileriň biri bolup, özümizde “Sputnik V” hem-de “EpiWakKorona” waksinalaryny bellige aldyk. Häzirki günde biziň ilatymyza şol waksinalar bilen sanjym geçirildi. Ýaňy-ýakynda biz “Sputnik Laýt” waksinasyny aldyk. Ol eýýäm buster sanjymy hökmünde kabul edilýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem täze başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş edip, ylmy lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny teklip etdi. Hususan-da, GDA giňişliginde biologik howpsuzlygyň howplary barada aýdyp, bu ulgamda bitewi resminama täzeden garamagy we gol çekmegi teklip etdi hem-de şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň şeýle resminama eýýäm gol çekendiklerini belledi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Russiýadan tapawutlylykda, beýleki kliniki alamatly arid zolaklarda ýerleşýändigine duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, şu zolagyň aýratynlyklaryndan ugur alyp, bu ýokanjyň genomyny öwrenmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow berilýän kömek üçin minnetdarlyk bildirip, eger-de Russiýa hut bakteriologiýany hem-de wirusologiýany öwrenmek boýunça özüniň maslahatlaryny we gollanmalaryny merkezleşdirilen görnüşde berse, onda bu meselelerde bitewi çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanyljakdygyny nygtady.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen kärdeşine geljekki hyzmatdaşlyk barada aýdan oňyn teklipleri üçin hoşallyk bildirip, GDA döwletleriniň mundan beýläk-de bu ugurda hereket etjekdiklerine ynam bildirdi.

Täze ýylyň öňüsyrasynda GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşyklaryny geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini bellemek gerek. Şol sammitlerde diňe bir ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenmän, eýsem, ýakyn geljek üçin esasy wezipeler hem-de bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar, esasy halkara we sebit meseleleri boýunça garaýyşlar deňeşdirilýär.

Bitarap Türkmenistan Arkalaşygyň çägindäki hyzmatdaşlygy özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, GDA döwletleri bilen gatnaşyklaryny taryhyň dowamynda emele gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň esasynda guraýar.

Ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna açyk, netijeli gatnaşyklar hem-de özara bähbitli, uzak möhletli hyzmatdaşlyk üçin meýdança hökmünde garap, guramanyň bar bolan köpugurly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak meselelerinde hemişe işjeň orny eýeleýär.

Öz döwründe hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň ykdysady ugruny güýçlendirmek baradaky pikiri öňe sürendigini, Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasyny taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş edendigini ýatlamak ýeterlikdir.

GDA-nyň 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilen sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen bu köptaraply resminama gurama gatnaşyjy ýurtlaryň bar bolan ykdysady kuwwatdan we mümkinçiliklerden has netijeli peýdalanmak, önümçilik-kooperasion we söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge çalyşýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

GDA-ny 2030-njy ýyla çenli ykdysady taýdan ösdürmegiň Strategiýasy hut ýokarda agzalan Jarnamanyň esasy ýörelgelerine daýanýar. Onda ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, senagat kooperasiýasy, söwda, innowasiýalar we tehnologiýalar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Milli Liderimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň 15-nji oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde nygtaýşy ýaly, bularyň ählisi halkara bazarlarda biziň üstünlikli bäsdeşlik edip biljek, geljekki hyzmatdaşlara amatly şertleri teklip edip biljek ulgamlarymyzdyr.

Döwlet Baştutanymyz Arkalaşygyň ykdysady bähbitlerini onuň çäklerinden daşarda ilerletmegiň, goňşy ýurtlaryň we sebitleriň bilelikdäki taslamalaryna goşulyşmagyň wajypdygyny belläp, munuň, ilkinji nobatda üstaşyr ulag düzümini döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny giňeltmäge, täze aragatnaşyk ulgamlaryny we kommunikasiýalary çekmäge degişlidigine ünsi çekdi. Arkalaşygyň ýurtlarynyň Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşmagy ýokarda agzalan ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup durýar.

Başgaça aýdylanda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy özüniň geosyýasy we geoykdysady garaýyşlary bilen baglylykda, yklymda has işjeň orny eýelemelidir, Gündogaryň we Günbataryň, Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de giňeltmäge işjeň gatnaşmalydyr.

GDA ýurtlary döwletara gatnaşyklarda deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine berk eýerýärler, ählumumy gün tertibinde parahatçylygyň we gepleşikler medeniýetiniň berkarar bolmagy, ählumumy durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edip, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge saldamly goşant goşýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ählumumy howpsuzlygyň emele gelen binýadyny bilelikde goramagy, halkara hukugyň we BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini özara gatnaşyklarymyzyň möhüm ugurlarynyň hatarynda belleýär. Milli Liderimiziň yzygiderli nygtaýşy ýaly, GDA ýurtlary özleriniň syýasy-diplomatik mümkinçiliklerini ulanyp, BMG-de, beýleki abraýly halkara we sebit düzümlerinde birleşen we düýpli garaýyşlar bilen çykyş etmelidir. Dünýä syýasatyna, halkara hukuga hormat goýmak, gepleşikler medeniýetini, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmagy we aýdyňlygy gaýtaryp getirmek zerurdyr.

Hut şeýle çemeleşme Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna ýaşaýyş ukyplylygyny we çeýeligi üpjün edýär, hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryny açýar. GDA-nyň halkara durnuklylyk we howpsuzlyk ulgamynyň möhüm bölegi hökmünde hereket etmegini şertlendirýär.

Ýokarda bellenilişi ýaly, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek hem-de onuň durmuş-ykdysady täsirini azaltmak Arkalaşygyň ýurtlarynyň bilelikdäki işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwletleriniň arasynda ylmy diplomatiýa, lukmançylyk bileleşikleri ugry boýunça umumy çemeleşmeleri we usullary işläp taýýarlamak üçin özara gatnaşyklaryň has netijeli gurallaryny ýola goýmagyň zerurdygyny nygtaýar.

Şu babatda türkmen tarapynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde öňe süren başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýe boldy. Olaryň esasy mazmuny täze görnüşli koronawiruslaryň gelip çykyşynyň tebigatyny, şolaryň döredýän keselleriniň ýüze çykmagynyň görnüşlerini öwrenmäge, ýokanç keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň täze usullaryny işläp taýýarlamaga hem-de ornaşdyrmaga gönükdirilen köptaraply gurallary döretmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň işine täze itergi bermek barada aýdyp, Arkalaşygyň içinde hem-de beýleki döwletler we halkara ykdysady birleşikler bilen özara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygyň täze, döwrebap ugurlarynyň we nusgalarynyň zerurdygyny yzygiderli belleýär.

Şu ýokary derejedäki resmi däl duşuşyga gatnaşyjylar öňde durýan maksatlaryň hem-de wezipeleriň umumydygyny belläp, goňşy ýurtlaryň bilelikdäki işiň oňyn tejribesini, durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.

Şeýle hem şu gün saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Onuň barşynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns berildi.

...Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, “Pulkowo” Halkara howa menziline bardy we şol ýerden ata Watanymyza ugrady.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/29820/hormatly-prezidentimiz-gurbanguly-berdimuhamedow-gda-dowletlerinin-bastutanlarynyn-dususygyna-gatnasdy-2

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.