Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«BEÝIK IŞLER –BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY» ATLY AÝDYM-SAZLY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamaklarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň  döredýän ähli eserlerinde eziz Watanymyza, ýurdumyza bolan çäksiz söýgüni  ata-babalarymyzdan  gelýän asylly däpler,mirasymyza hormaty, nesillerimize edep-terbiýe we beýleki gymmatlyklardan öz gözbaşyny alýandygy üçin «Beýik işler –beýik ösüşleriň gözbaşy» atly aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.    

Şu aýdym-sazly dabarany Aşgabat şäheriniň 117-nji mekdebiniň müdiri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy A.Gurbanow  alyp bardy.

123

Aýdym-sazly dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň sahna ussady Türkmenistanyň Halk artisti, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy B.Kerimow we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy A.Batyrow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa  institutynyň uly ylmy işgäri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy A.Nepesow, Türk­men­ döw­let­ yk­dy­sa­dy­ýet­ we­ do­lan­dy­ryş ins­ti­tutynyň 3-nji ýyl talyby, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy A.Annagulyýew hem-de Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy,bagşy S.Söhbetow dagylar  gatnaşyp, olar hormatly Prezidentimiziň  döredýän ähli eserlerinde eziz Watanymyza, ýurdumyza bolan çäksiz söýgüni  ata-babalarymyzdan  gelýän asylly däpler, mirasymyza hormaty, nesillerimize edep-terbiýe we beýleki gymmatlyklardan öz gözbaşyny alýandygy barada aýtdylar.

Geçirilen bu aýdym-sazly dabaraly söhbetdeşligiň dowamynda döredijilik topary we aýdymçy, bagşy-sazandarlar täsirli çykyş etdiler.

 

 Ýörite habarçymyz.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.