Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MASLAHAT GEÇIRILDI

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylymyzyň ilkinji günlerinde etrabymyzyň 36-njy orta mekdebinde “Bilim ulgamynda üstünlikli amala aşyrýan özgertmelerimiziň ählisiniň maksady Türkmenistany bilimler merkezine öwürmäge gönükdirilendir” diýen şygar bilen bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Onda döredijilikli hem-de döwrebap işleýän bilim işgärleriniň ýerine ýetiren işleriniň sergisi guraldy.

Maslahatda Milli bilim institutynyň hünärmeni Ogulbaýram Meläýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Kuwwat Täjiýew, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Gurbangül Mädenowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Gurbanmyrat Muhammetorazow, ýaşulular we kümüş saçly eneler, bilim işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda etrap bilim bölüminiň müdiri Baýram Abdyýew 2021 — 2022-nji okuw ýylynyň birinji ýarym ýylynda alnyp barlan işler, gazanylan üstünlikler bilen birlikde, ikinji ýarym ýylynda öňde durýan wezipeler barada çykyş etdi.

 

Bägül TÄŞLIÝEWA. Murgap etrabyndaky 2-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, TMÝG-niň işjeň agzasy.

Maru-şahu jahan gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.