Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GURNAMA SAÇAK

Arada, obamyzyň toýuna-ýasyna ýarap, türkmen zenanynyň edep-ekramyny bir göwrede jemläp bilen, hormatly dynç alyşdaky Näzikjemal Artykowa 1989-njy ýylyň ýaz paslynda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň häzirki Ärsarybaba adyn daky geňeşligine myhmançylyga baranynda türkmen gelin-gyzlarynyň çeper ellerinden çykan täsin gurnama saçaga gabat gelşi barada gürrüň berdi. Aşakda biz şol gürrüňdeşligi ýazga geçirýäris.

Lebap ili myhmanparaz mekan. Bärden baran myh manlary baran ýeriniň goňşy-golamlary myhmançylyga çagyrypdyrlar. Şonda bir hojalyga baranlarynda bularyň öňünde könelişenräk, daş tarapy küşt tagtasynyň öýjükle rine meňzeş içi nanly saçak goýupdyrlar. Elmydama sun gat täsinliginiň gözleginde bolup ýören Näzikjemal gelne je bu saçak bilen gyzyklanýar. Şonda şol öýüň garry enesi Ogulnyýaz eje (şol wagt ýaşy 70-den geçen): «Gyzym, bu saçaga «gurnama saçak” diýilýär. Bu saçagyň gyra sy 4 barmak parawuz (owadanlyk üçin tutulýan çepbetöw mata) — bir meňzeş mata bolmaly, özem nahdan edilen berk mata bolmaly, sebäbi ýuwaňda çalt zaýalanmaýan bolmaly. Saçagyň ululygy 7 nanlyk, 5 nanlyk, oňa-muňa gideniňde göterer ýaly 3-4 nan sygar ýaly ululykda bol maly. Saçak iki gat bolmaly, iki gatyň içligi hem edilýär, ol içlik dolanjak nan ýelmeşmez ýaly nah mata bolmaly. Iki matany içligi bilen birikdireniňden soň, gyrasyna gelşik üçin alaja ýa-da keşde edilýär. Tutulan alaja ýüplükler, ýa da keşdeler saçagyň dört burçunda sepleşeninde gotaz jyklar (owadan ýüplükleriň kesilip owadanlanan görnüşi) goýulýar.

Saçagy dolamak edebi: oturşyň boýunça sag tarapky burçdan dolap başlamaly, soňra ony şol tertipde, ýagny, sagdan çepe dolabermeli. Saçagyň dolamak tertibi üçin bir burçunda bellik üçin ösüntgi mata tikip goýmaly.

Hormatly okyjylar! Ömrüňe ömür goşýan, adamzat ýaşaýşynda iň zerur hem-de mukaddes hasaplanýan nany arassadan uzak saklamak üçin enelerimiziň bize döredip, miras galdyryp giden durmuş eserleriniň bir gör nüşi bolan saçaga bolan hormaty hem-de taýýarlanyşy şundan ybarat.

 

Amanmyrat ÝAMADOW. Wekilbazar etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň geografiýa mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy.

Maru-şahu jahan gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.