Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGY, DAŞKY GURŞAWY GORAMAK WE AZYK HOWPSUZLYGY DÖWRÜŇ MÖHÜM WEZIPESI

Golaýda Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň iş meýilnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň iň bir baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetinde Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde, daşky gurşawy gorap saklamakda we ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda il-ýurt  bähbitli, durmuşa geçirilýän giň göwrümli işler barada uniwersitetde jemgyýetçilik işlerinde tapawutlanyp, ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanýan, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň talyp haklaryna mynasyp bolup tapawutlanyp okaýan göreldeli talyplaryň şeýlede kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary bolan tejribeli mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirilip “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan söhbetli gepleşikler ýazgy edildi.

        Buýsançly çykyşlarda ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde, daşky gurşawyň gorap saklamakda sebit dünýä ähmiýetli durmuşa geçirilýän iri taslamalar, dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen bilelikde alynyp barylýan nusgalyk işler, sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde iri taslamalar hem-de, Tebigatyň ýerasty, ýerüsti baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürliligini gorap saklamak, topragy çölleşmekden, şorlaşmakdan goramak, howanyň üýtgemegi bilen bagly ýüze çykýan ýaramaz täsirleriň öňüni almakda alynyp barylýan işler, türkmen tebigatyny hasda gözelleşdirmek maksady bilen Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde üstünlikli durmuşa geçirilýän tokaý maksatnamasy barada giňişleýin bellenip geçildi.

       Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply bolan halkyň gündelik sarp edýän azyk önümlerini we beýleki harytlary öndürmek baradaky syýasaty üstünlikli durmuşa geçýär, bu ugurda önüm öndürijilerine ýakyndan berilýän goldawlarynyň netijesinde, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýän döwrebap kärhanalaryň sany günsaýyn artýar we ýylyň islendik döwründe ilata elýeter bahalardan  hödürlenýär.

       Hormatly Prezidentimiziň sahabatly permany netijesinde her ýylyň 1-nji ýanwaryndan ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny hasda berkitmek maksady bilen aýlyk zähmet haklarynyň we ähli kömek pullarynyň on göterim ýokarlandyrylmagy halkymyzda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň üstünlikli ýyllaryň birine beslenjekdigine uly ynam döredýär.

  

  Berdimyrat Rozyýew

 Tütkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň

 kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.