Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

EZBERLER ÖŇE SAÝLANDYLAR

Milli ýörelgeleriň nesillerde mynasyp dowam etdirilmegini gazanmak, gyzlaryň geljekki durmuşa taýýarlygyny kämilleşdirmek maksadynda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňe- şiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Edepli hem çeper elli türkmen gözeli» atly bäsleşiginiň deslapky tapgyrlary welaýatymyzyň Boldumsaz, Gubadag, Görogly, S.A.Nyýazow adyndaky, Ruhubelent etraplarynyň medeniýet merkezlerinde hem-de Daşoguz şäherindäki «Maral» toý mekanynda ýokary guramaçylyk derejesinde ge- çirildi. Olarda gyzlar «Gyz edebi — il edebi», «Hü- närim bar — hormatym bar», «Arkadagly Diýarda türkmen gözeliniň buý- sanjy» ýaly şertler boýunça özleriniň başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezdiler. Bäsleşigiň ilkinji şerti boýunça türkmen gyzlaryna mahsus arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, ertirlik taýýarlamak, maşgala agzalaryna goýýan hormaty dogrusynda gyzlar täsirli gürrüň berdiler. Keşde çekmek, gaýma gaýamak, jähek, aldymgaç çalmak, alaja işmek, örmek ýaly milli el işlerini bellenen wagtyň dowamynda ýerine ýetirmekde gyzlar özleriniň çalasynlygyny görkezdiler. Olar Arkadagly zamanany, bagtyýar döwrümize bolan ýürek buýsanç- laryny şahyrana setirleriň, aýdymdyr goşgularyň, gazallaryň üsti bilen çeper beýan etdiler. Bäsleşikler diýseň gyzgalaňly hem-de şowhunly ýagdaýda geçdi. Olarda has tapawutlanyp çykyş eden gyzlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere TKA-nyň etrap hem-de Daşoguz şäher birleşmeleriniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Daşoguz habarlary gazeti

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.