Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW: — GOÝ, ZAMAN ATLY TAÝÇANAK WATANYMYZYŇ TÄZE EÝÝAMYŇ BEÝIK MAKSATLARYNA ÝETMEGINDE BEDEW BADYNYŇ NYŞANY BOLSUN!

Aşgabat, 19-njy ýanwar. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrmagynyň öňüsyrasynda ady rowaýata öwrülen Pereňiň nesil ugruna degişli Gözbaş we Keýkilhan atly bedewlerden bolan gurtmele taýçanagyň doglandygy baradaky buşluk habaryny eşidip, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Munuň özi “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen şygar bilen geçýän täze, 2022-nji ýylyň ilkinji günleriniň şatlykly wakasy boldy.

Milli Liderimiz halkymyzda geçmişde hem täze taýçanak dünýä inse, bu habaryň, edil çaga dünýä inen ýaly çar töwerege buşlanýandygyny we oňa mynasyp at dakylýandygyny belläp, taýçanaga Zaman diýip at goýdy hem-de “Geljek 30 ýyly öz içine alýan täze döwre niýetlenen beýik maksatlarymyz bedew bady bilen geljege dowamat-dowam bolsun!” diýdi. Paýhasly pederlerimiz “At — myrat” diýipdirler. Hormatly Prezidentimiz gadymdan gelýän milli däplerimize eýerip, Ogulabat ejäniň ören alajasyny ýagşy arzuwlar bilen taýçanagyň boýnuna dakdy.

Şunuň bilen baglylykda, şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atçylyk toplumlaryny döwrebaplaşdyrmaga, atlaryň saklanyş şertlerini hem-de tohumçylyk işini has-da kämilleşdirmäge, atçylyk sportuny we seýisçilik sungatyny ösdürmäge hem-de atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga niýetläp, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine pul serişdelerini bölüp bermek barada Karara gol çekendigini bellemek gerek.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe behişdi bedewleriň dünýäde at-abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilen resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna şu pul serişdelerini Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerinden ýörite hasaba geçirmek tabşyryldy.

Şu gün “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň mejlisler jaýynda geçirilen “Halkyň Arkadagly zamanasynda bedew sarpasy” atly dabaraly maslahat hem bu möhüm wakalara bagyşlandy. Maslahatda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň atşynaslygynyň täze belent derejelere ýetendigi bellenildi hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyna bu pudagyň ähli işgärleriniň hoşallyk sözleri beýan edildi.

Munuň özi hormatly Prezidentimiziň bu ulgama berýän aýratyn ünsüniň netijesidir. Milli Liderimiz düýn Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baranda, türkmen atşynaslarynyň Döwlet tugramyzda orun alan ahalteke bedewiniň abraýyny dünýä ýaýmak, şöhratly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk däplerini döwrebap derejede ösdürmek ýaly asylly hünäriň eýesidiklerini ýene-de bir gezek nygtady.

Dabaraly maslahatda çykyş eden tanymal atşynaslar “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda doglan taýçanaga milli Liderimiziň Zaman adyny dakmagynyň diňe bir şu ýylyň şygarynyň ruhlandyryjy güýjüni artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, eziz Diýarymyzyň täze eýýamyň belent maksatlaryna ýetmeginde okgunlylygyň hem nyşany boljakdygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda pudagy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de köpasyrlyk şöhratly däplerini dikeltmek, gorap saklamak we dowam etdirmek, ugurdaş ylmy höweslendirmek, deňi-taýy bolmadyk arassa ahalteke tohumynyň baş sanyny köpeltmek, ony dünýäde giňden wagyz etmek, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň hemmetaraplaýyn aladasy netijesinde öz ömrüni behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmäge bagyş eden atşynaslaryň we seýisleriň zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredildi.

Ussat çapyksuwar hem-de behişdi bedewleriň hakyky muşdagy bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhraty belent derejelere ýetdi.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Bu assosiasiýa dürli ýurtlaryň atşynaslarynyň we ippologlarynyň duşuşmagy hem-de tejribe alyşmagy üçin netijeli gurama öwrüldi.

Ýurdumyzda her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilýär. Däp bolşy ýaly, bu baýrama gabatlanyp, Ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň arasynda atlaryň keşbini şekillendirmek boýunça döredijilik gözden geçirilişleri, at çapyşyklar we beýleki çäreler guralýar.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap atçylyk sport toplumlary gurlup, türgenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ahalteke bedewleriniň we at üstündäki oýunlaryň ýokary ussatlygyny görkezýän türkmen ýigitleriniň dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilýän uly bäsleşikleriň we sirk festiwallarynyň ýeňijileri bolandyklaryny bellemek buýsançlydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Diýarymyzyň daşynda hem uly meşhurlyga eýedir. Soňky ýyllarda bu topar birnäçe halkara bäsleşiklere gatnaşyp, abraýly baýraklara mynasyp boldy. Toparyň daşary ýurtlardaky çykyşlary uly üstünlige beslendi.

Mälim bolşy ýaly, taryhyň dowamynda türkmen halkynyň wepaly dosty hem-de hemrasy bolan ahalteke bedewleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi döredijiliginde hem aýratyn orun eýeleýär.

Milli Liderimiz giňişleýin taryhy we häzirki zaman maglumatlary ylmy taýdan seljermegiň netijesinde behişdi bedewler baradaky ajaýyp kitaplary döretdi.

Ildeşlerimiziň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan bu eserler dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, daşary ýurt okyjylaryna, şeýle hem ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri bilen gyzyklanýan hünärmenler hem-de alymlar üçin hem elýeterli boldy.

Dünýäniň birnäçe ýurtlarynda bu täsin tohumyň muşdaklarynyň barha artýandygy bellärliklidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedewiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi halkara jemgyýetçilik tarapyndan behişdi bedewleriň ajaýyp sypatlarynyň ykrar edilmeginiň subutnamasydyr. 2018-nji ýylda Akhan artky iki aýagynda 10 metr aralygy 4,19 sekuntda ýöräp geçmegi başaryp, dünýä rekordyny täzeledi. Bularyň hemmesi döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde atşynaslygyň gadymdan gelýän milli däpleriniň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň misilsiz güwäsidir.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edip, onda türkmen halkynyň baý mirasyny gorap saklamaga we baýlaşdyrmaga berýän yzygiderli goldawy, ýurdumyzyň atşynaslary barada edýän hemişelik aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Maslahatyň çäklerinde sungat ussatlary çykyş etdiler hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň muzeýine gezelenç guraldy.

 

www.tdh.gov.tm

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.