- TM
- RU
Welaýat kitaphanasynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramagynda hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýan belent wezipelerini ýerine ýetirmeklige bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary we işjeň agzalary gatnaşyp, çykyşlara giň orun berildi. Maslahatda çykyş edenler eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegi, ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanmagy babatda Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri durmuşa geçirýändigini belläp, jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde durýan wezipeler barada durup geçdiler. Şeýle hem «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da ýurdumyzyň uly üstünliklere beslenmegini, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Wepa KAKAÝEW,
«Polimer önümleri» zawodynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Daşoguz habarlary gazeti