Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DÜNÝÄ ÄHMIÝETLI MEDENI GYMMATLYKLAR — GADYMY TÜRKMEN TOPRAGYNYŇ BAÝLYGY

Aşgabat, 26-njy ýanwar. Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan «Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady.

Mälim bolşy ýaly, türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde türkmen alabaýyny wasp edýän milli nagyşlary ylmy taýdan öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde taryhçylaryň türkmen alabaýlarynyň galdyran yzlaryny, şeýle hem onuň gadymy haly göllerindäki şekillerini ýüze çykarandyklary bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň has düýpli öwrenilmegine we goralyp saklanylmagyna hem-de ýaş nesle geçirilmegine ýardam berýän ylmy barlaglaryň yzygiderli dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtap, ene-mamalarymyzyň dokan nepis haly göllerinde türkmen durmuşynyň ähli ugurlarynyň beýan edilýändigini belledi. Milli nagyşlaryň we gölleriň her birinde ata-babalarymyzyň pähimleri, toplan bilim-düşünjeleri jemlenendir, şoňa görä-de biz olara hem-de umuman, tutuş taryhymyza sarpa goýmak bilen, özümize galdyrylan gymmatly mirasy geljekki nesillere ýetirmelidiris.

Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen forumyň açylyş dabarasyna we umumy mejlisine Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, alymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň işine sanly ulgam arkaly Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalary hem gatnaşdylar.

Forumyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda, milli taryhy-medeni mirasymyza, arheologik tapyndylara hem-de «tazyguýruk», «it ýatak», «güjük yzy» ýaly gadymy göllere bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.

Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň etnografik ekspozisiýalary dürli döredijilik mekdepleriniň çeperçilik ugruny aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Sergide küýzegärçilik sungatynyň nusgalary, kilimler, haly we haly önümleri, zergärçilik şaý-sepleri görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryna sergide aýratyn orun berildi.

Ýörite meýdançalarda türkmen alabaý itleriniň iň gowularyny görmek bolýar. Alabaýlaryň görkezme çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Olar öz türgenleriniň gulluk buýruklaryny ýerine ýetirmekde ajaýyp taýýarlyklaryny görkezdiler.

Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi milli itşynaslygyň tejribesini ösdürmek hem-de wagyz etmek, türkmen alabaýyny terbiýelemegiň, köpeltmegiň aýratynlyklary, alabaýyň gadymylygyny subut edýän arheologik tapyndylar, haly we haly önümleriniň nagyşlarydyr gölleri ýaly meselelere bagyşlandy.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, şeýle halkara çäreler itşynaslyk ulgamynda hünärmenleri jemlemek bilen çäklenmän, eýsem, medeni-ynsanperwer ulgamda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary özara baýlaşdyrmaga, giňeltmäge ýardam berýär.

Maslahatda milli taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamagyň we dünýäde wagyz etmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Türkmen alabaýlarynyň seçgiçiligini ösdürmek we köpeltmek bu babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň möhüm ugry boldy.

Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda dünýäniň medeni gymmatlyklaryna üns çekildi. Olarda türkmen topragynyň gadymy siwilizasiýalaryň we dünýä ähmiýetli medeni gymmatlyklaryň ojagydygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda adamzadyň ruhy-medeni ösüşine saldamly goşant goşup gelýär.

Daşary ýurtly itşynaslar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmeginiň ähmiýetli waka bolandygyny nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda alabaýyň eýeleýän ähmiýetli orny barada gürrüň berýär. Kitap okyjylara alabaý bilen gatnaşyklara has çuňňur düşünmäge, itleriň bu tohumyny terbiýelemegiň we ideg etmegiň aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu ajaýyp eser alabaý tohumynyň gelip çykyşy we kemala gelşi baradaky taryhy, arhiw maglumatlaryny, köpýyllyk ylmy-barlag işleriniň maglumatlaryny özünde jemleýär.

Maslahatyň Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilen «Arheologiýa, maddy däl medeni miras we haly sungaty — umumadamzat medeniýetiniň baýlygy» atly birinji bölüminiň işiniň dowamynda ahalteke atlary, alabaý itleri hem-de dutar bilen baglanyşykly asyrlaryň dowamynda baý tejribe toplan milli sungatymyz barada aýdyldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan ÝUNESKO-da bedewleri seýislemek sungatyny hem-de alabaý itlerini köpeltmegiň milli däplerini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek barada teklip öňe sürülýär.

Maslahatyň «Merdana türkmen alabaýy — keremli tebigatyň ajaýyp peşgeşi» atly ikinji bölümi Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň binasynda geçirildi. Bu ýerde güýç-kuwwatyň, hoşmeýilli ruhy güýjüň, ýeňşe bolan çäksiz erkiň nyşany bolan alabaýyň wepalylygyna we edermenligine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.

Bellenilişi ýaly, edermen alabaý Watanymyzyň düýpli özgertmeler we ösüş ýolunyň belent sepgitlerine ýetmekde döredijilik kuwwatynyň janly keşbine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladasy netijesinde, asyrlaryň jümmüşine uzaýan milli itşynaslyk däplerimiz häzirki günde şöhratlanyp, täze ösüşe eýe boldy.

27-nji ýanwarda maslahat Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen halysynyň milli muzeýinde hem-de Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Geçmişden janly ýadygär — merdana türkmen alabaýlary», «Haly we amaly-haşam sungatynda türkmen alabaýynyň çeper waspy» atly bölümlerde öz işini dowam eder.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny öwrenmekde ylham çeşmämiz hem-de gollanmamyz bolan köp sanly ajaýyp eserlerine aýratyn bölüm bagyşlanar.

 

www.tdh.gov.tm

 

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.