Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BINAGÄRLIK DÜRDÄNESI

Eziz Watanymyzyň baş şäheri ak mermerli Aşgabatda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň netijesinde gurulýan belent desgalar bu gün ähli halkymyzy buýsandyrýar, guwandyrýar. Hakyky binagärlik dürdänesine öwrülen şäherimiziň nurana keşbini köpsanly özboluşly jemgyýetçilik-medeni desgalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň, sapaly seýilgähleriň, ýaşyl zolaklaryň kämil sazlaşygy emele getirýär. Ýylyň-ýylyna binalaryň yzygiderli dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi bilen ak şäherimiziň çägi hem ýylsaýyn giňelýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda paýtagtymyzy ösdürmek we kämilleşdirmek işleri uly ruhubelentlige beslenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Täze binalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Olaryň esasylary hökmünde paýtagtymyzyň demirgazygynda bina edilýän «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumyny, gojaman Köpetdagyň eteginde, tebigatyň ajaýyp gözellikleri bilen sazlaşykly gurulýan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini we medeni-dynç alyş seýilgähini mysal getirmek bolar. Bina edilýän her bir desganyň gurluşygynda halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegini, asuda ýaşamagyny we medeniýetli dynç almagyny üpjün etmekden gözbaş alynýandygy aýratyn buýsandyryjydyr.

Goý, halkymyza eşretli zamanany peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

 

Rahman RAHMANOW,

Türkmenistanyň gurluşyk we senagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň geňeşiniň başlygy.

Aşgabat gazeti

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.