- TM
- RU
Hormatly Prezidentimiziň ruhy we beden taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa, ylmyň soňky gazananlaryny ele alan, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenen ýaş nesliň kemala gelmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredýändigi biziň her birimiziň görüp, bilip ýören hakykatymyz.
Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025--nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan giň göwrümli işler hem bu aýdyň hakykatyň subutnamasy bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyz: “Men ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlik ýörelgelerini, asylly milli hem-de zähmet däplerini mynasyp dowam edýän ýaş nesillerimiziň mundan beýläk-de ähli gujur-gaýratyny mähriban Watanymyzyň berkararlygyny has-da pugtalandyrmaga bagyş etjekdigine berk ynanýaryn!” diýmek bilen, ýaşlara uly ynam bildirýär. Biz hem geçirýän çärelerimizde ýaşlaryň mähriban Arkadagymyzyň uly ynamyna abraý bilen hötde gelmek üçin ähli ukyp-başarnyklaryny orta goýmalydyklaryny wagyz-ündew edýäris.
Aleksandr ZERNOW.
Sakarçäge etrabynyň l-nji sport mekdebiniň sportuň woleýbol görnüşi boýunça tälimçisi, KA-nyň ilkinji guramasynyň agzasy.
Maru-şahu jahan gazeti.