Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“HALK MASLAHATYNYŇ ÇÖZGÜTLERI-ATA WATANYMYZY ÖSDÜRMEGIŇ GELJEGI” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň,Söwda we telekeçilik ugrynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň hem-de Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň bilelikde gurnamaklarynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen 30 ýyllyk döwür üçin taryhy çözgütler barada “Halk Maslahatynyň çözgütleri-ata Watanymyzy ösdürmegiň geljegi”  atly maslahaty  geçirildi.

Şu maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy P.Öwezow alyp bardy.

Geçirilen bu maslahata  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Söwda we telekeçilik ugrynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy M.Jumaýew, hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy R.Rahmanow, “Türkmenulaggözegçilik” döwlet kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy N.Sopyýew, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Biznes reklama” gazetiniň uly korrektory, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Ç.Rejepow hem-de Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy M.Ataýew dagylar  gatnaşyp çykyş etdiler. 

Bu çärä gatnaşanlar maslahatyň barşynda 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen döwlet ähmiýetli we il-ýurt bähbitli çözgütler barada çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.