- TM
- RU
Tomaşaçylaryň ünsüni çekmek babatda çempionlar ligasynyň geçen hepdeki oýunlaryna gaýry dur diýdirýän «Napoli»-«Barselona» gapma-garşylygy hakyky gollaryň baýramçylygyna öwrüldi. Bu oýnuň bellenilmeli taraplarynyň ýene biri-de, «Barselona»-nyň uzak wagtlyk şowsuzlyklardan soňra Hawiniň golastynda öz hakyky derejesine mynasyp hereket edenligidir. Oýun babatda aýtsak, «Barselona» myhmançylykda ýer eýeleriniň derwezesiniň torunda dört top gaýmalatmagy başardy. Kataloniýalylaryň gollaryna Alba (8min.), de Ýong (13min.), Pike (45m) hem-de Obameýang (59min.) awtorlyk etdiler. Ýer eýeleri ter Ştegeni diňe iki gezek ynjytmagy başaryp, onuň hem biri 11 metrlik jerime urgusyndan Insinýeniň uran goludyr. «Napoli»-niň ikinji goly bolsa 87-nji minutda Politanonyň adyna ýazyldy. Şeýle-de Ýewropa ligasynyň geçen hepdedäki oýunlarynyň netijesinde, «Braga», «Leýpsig», «Sewilýa», «Portu», «Atalanta», «Betis» hem-de «Reýnjers» toparlary indiki tapgyrda top depmäge hukuk gazandylar. Ýewropa ligasynyň geçen tapgyrdaky iň garaşylmadyk wakasy hökmünde «Borussiýa»-nyň «Reýnjers»-den iki oýnuň netijesi boýunça 4-6 hasabynda asgyn gelip, ýaryşy terk etmegini görkezmek bolar. Geçen hepde çekilen bijäniň esasynda Ýewropa ligasynyň 1/8 final tapgyrynda şu jübütlikler çärýek final üçin güýç synanyşarlar: «Portu»-«Lion»; «Betis»-«Aýntraht»; «Sewilýa»-«West Hem»;«Leýpsig»-«Spartak»; «Barselona»-«Galatasaraý»; «Reýnjers»«Srwena Zwezda»; «Braga»-«Monako»; «Atalanta»-«Baýer».
Guldurdy ATABAÝEW, TKA-nyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň başlygy.
Biznes reklama gazeti.