- TM
- RU
«Aşgabat» köpugurly stadionynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi bilen bilelikde guran çäresi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyna hem-de dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmagyň, bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlandy.
Elbetde, bu gün eziz Diýarymyzda milli saz gurallarymyzyň ähmiýeti möhüm orna çykýar. Watanymyzda owazlar sazlaşýar, dost-doganlygyň, bagtyýarlygyň mukamy belentden ýaňlanýar. Türkmeniň ruhy atasy, beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda bagşy-sazandalarymyza, medeni-mirasymyza uly sarpa goýulýar. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmagyň we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr. Hoş habaryň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günlerinde gelip gowuşmagy bolsa bu ýylyň has-da uly üstünliklere beslenjekdiginden nyşandyr.
Bäşim HAMEDOW, «Aşgabat» köpugurly stadionynyň medeni guramaçylyk bölüminiň müdiri, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
«Türkmen sporty» gazeti.