Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WELAÝATLARDAN HABARLAR

Ýakynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Bäherden» sement zawodynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda «Saglyk – ynsanyň baş baýlygy» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyna jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglygy goraýyş işgärleri, zawodyň işçileridir hünärmenleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda berkarar Watanymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak we dikeltmek barada edilýän tagallalar, şeýle hem bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagyň peýdasy, ýokanç keselleriň öňüni almak üçin berjaý edilmeli çäreler barada giňişleýin gürrüň edildi.

 

Hydyr NURYÝEW, «Bäherden» sement zawodynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

 

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052- nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnama ähli ulgamyň öňünde uly wezipeleri goýýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlar syýasatynyň ösdürilmegine hem uly üns berilýär. Bu babatda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem giň gerimli işler lanyp barylýar. Ýaşlar bilen geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler barada giňişleýin gürrüň berip, ýaşlary bu işlere öz goşandyny goşmaga çagyrýarlar.

 

Röwşen JÄJIÝEW, Saýat etrabynyň Maliýe we ykdysadyýet bölüminiň başlygynyň orunbasary, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

 

Ýakynda Oguzhan etrap medeniýet bölüminde etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň we etrap bilim bölüminiň ýaşlarynyň arasynda «Arkadagyň syýasaty – raýatlaryň baky bagty» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Oguzhan etrap komitetiniň p artiýa guramaçysy Nurmyrat Akmyradow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmyrat Babaýew, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Oguzhan etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Atageldi Gurbanow dagy çykyş etdi. Olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda alnyp barylýan işler barada buýsançly gürrüňleri etdiler.

 

Aýnabat KAKAJANOWA, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Oguzhan etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

«Türkmen sporty» gazeti.

 

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.