- TM
- RU
Berkarar Watanymyzda her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak asylly däbe öwrüldi. Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Bäherden etrabynda hem köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak hem-de ozal ekilen saýaly, miweli, pürli agaçlara ideg etmek işleri geçirildi. Daşky gurşawy goramagyň aladasynyň nyşanyna öwrülen çärä etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesiniň agzalary hem işjeň gatnaşdylar.
Halkymyzda bag ekmek iň sogaply işleriň biri hasaplanýar. Etrabymyzyň ýaşaýjylary hem ählihalk bag ekiş çäresine gatnaşyp, sogaply işe goşant goşandyklaryna buýsanýarlar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» diýlip atlandyrylan zamanamyzda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi asylly tutumlarymyzyň dowamat-dowam bolýandygynyň nyşanydyr.
Ogulmaral SÖÝÜNOWA, TKAnyň Bäherden etrap birleşmesiniň hünärmeni.
Bu günki gün ýurdumyzda durmuşa geçirilýän sport we ýaşlar syýasaty giň seslenme tapýar. Bu işler biziň etrabymyzyň çäklerinde hem köpçülikleýin alnyp barylýar. Mekdep okuwçylarynyň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilip, olara gatnaşyjylara sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak barada wagyz-nesihat edilýär. Ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýoluny has-da rowaçlandyrmak, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak barada giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýaşlar syýasatynyň dabaralanmasynyň aýdyň görkezijisidir.
Hudaýberdi JUMAÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Halaç etrap birleşmesiniň başlygy.
Biziň zähmet çekýän ulgamymyzda hem sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat edýän duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guraýan duşuşyklaryna bilim, medeniýet, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri gatnaşýarlar. Duşuşyklarda edilýän çykyşlarda sportuň her bir türkmenistanlynyň ýakyn hemrasyna öwrülýändigi, ýurdumyzda ynsan bähbitlerini nazarlaýan işleriň durmuşa geçirilýändigi barada gyzykly gürrüňler berilýär. Şeýle-de, duşuşyklara gatnaşyjylara agyz-burun örtüklerini ulanmak hem-de şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça maslahatlar berilýär.
Gandym HAÝDAROW, «Garagumsakagurluşyk» önümçilik dolanyşygynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Häzirki wagtda jemgyýetçilik guramalarynyň guramaklarynda Daşoguz welaýatynyň etraplarynda ýerleşýän orta mekdeple r de bilim alýan okuwçylaryň arasynda bedenterbiýäni, sporty, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek hakynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Olarda häzirki wagtda agyz-burun örtügini dakynmagyň zerurlygy barada gyzykly gürrüňler edilýär. Munuň özi dürli ýokanç keselleriň öňüni almakda örän uly ähmiýete eýedir.
Kakamyrat RAHMEDOW, «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň KAnyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Türkmen sporty gazeti