Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SPORT WE ÝAŞLAR

Balkan welaýatynyň Bereket etrap Sport we ýaşlar syýasaty bölümi hem-de TKA-nyň Bereket etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda sport mekdebiniň işgärleriniň gatnaşmagynda welosipediň bütin dünýäde iň amatly jemgyýetçilik ulagy hökmünde ykrar edilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistan Watanymyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň agza döwletleriniň 62-siniň awtordaş hökmünde biragyzdan kabul edilen Kararnamasynyň bimöçber ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň etdiler. Welosportuň ynsan saglygy üçin peýdaly taraplaryny aýratyn belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ilýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutýan tutumly işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.

 

Alik NEDIRHANOW, Bereket etrabynyň Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebiniň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Türkmenistan sport halkara žurnaly.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.