Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ GAZANANLARYNYŇ SERGISI BILEN TANYŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ösen tejribesinden ugur alnyp, hususy ulgamyň ykdysadyýetimizde eýeleýän ornunyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dürli ugurlar, şol sanda azyk we beýleki harytlaryň önümçiligi boýunça belent sepgitleri eýelemegine giň ýol açýar.

Soňky ýyllarda ýola goýlan asylly däbe görä, hususy işewürligiň gazananlarynyň gözden geçirilişiniň maksady dürli ugurlardaky täzelikler hem-de telekeçiler tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlar, eksport ugurly önümleriň önümçiliginde ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda guralan sergide görkezilýän dürli önümler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hormatly Prezidentimize hasabat berdiler.

Bu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär. Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda giň gerimli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän iri kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklaryny gurnadylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sergide görkezilýän önümler bilen tanyşlygynyň dowamynda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, “Seljeriş we tehnologiýalar merkeziniň” diwarlyklarynda beýan edilýän hem-de bu düzümleriň sazlaşykly ösüşi barada gürrüň berýän maglumatlar bilen içgin tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz telekeçileriň ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini belledi we hususyýetçiligiň mundan beýläk-de höweslendirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine ünsi çekdi. Munuň özi “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” görkezilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde has-da möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz sergide görkezilýän önümler bilen tanyşlygynyň dowamynda ýokary hilli önümleri öndürip, ýurdumyzda we daşary döwletlerde meşhurlyk gazanan “Hasar”, “Misgär”, “Duýgy”, “Altyn ýunus” kärhanalarynyň, “Bars”, “Kindi”, “Oguzhan”, “Ak gar”, “Datmeni” söwda nyşanly süýji-köke öndürýän telekeçileriň görkezýän önümleriniň görnüşleri bilen gyzyklandy.

Mälim bolşy ýaly, bu önümler ýokumlylygy we ýokary halkara ülňülere laýyk gelmegi esasynda dünýäniň talapkär bazarlarynyň uly isleginden peýdalanýar. Olaryň ählisi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisine süýjüleriň, kökeleriň hem-de beýleki nygmatlaryň täze görnüşlerini taýýarladylar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda “Talhan” we “Tomus” haryt nyşanly önümler sarp edijileriň uly isleginden peýdalanýan azyk harytlarynyň hatarynda öz ornuny barha pugtalandyrýar. “Talhan” söwda nyşanly çörek we çörek önümleri ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklaryň, bagtyýar halkymyzyň toý-baýramlarynyň we sahawatly desterhanlaryň baş bezegine öwrüldi. Munuň özi häzirki zaman önümçiligini ýola goýmak üçin döwlet tarapyndan berilýän goldawdan netijeli peýdalanýan telekeçileriň azyk bolçulygyna goşant goşmak, olaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşýändiklerini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Täze aý” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy G.Orazow bilen gürrüňdeş bolup, telekeçi tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşleri, hili hem-de azyk harytlarynyň ýokumlylygy bilen gyzyklandy.

Bu ugurda ýeterlik tejribe toplan işewür hojalyk jemgyýetiniň gaýtadan işleýän kärhanalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilýän ýokary hilli et-süýt hem-de süýji-köke önümleriniň öndürilýändigini gürrüň berdi. Hojalyk jemgyýetiniň 18 müňden gowrak söwda nokady bolup, onuň düzümlerinde 4 müňe golaý işgär zähmet çekýär. “Täze aý” haryt nyşanly önümler içerki bazara we daşary ýurtlara ugradylýar. Şeýle hem işewür hasabatyň dowamynda hojalyk jemgyýetine degişli 500 sany ýöriteleşdirilen awtoulagyň bardygyny, olaryň taýýar önümleri söwda nokatlaryna bökdençsiz ýetirýändigini aýdyp, hojalyk jemgyýetiniň gaýtadan işleýän kärhanalarynda her günde 100 tonnadan gowrak azyk harytlarynyň öndürilýändigini habar berdi.

Telekeçi häzirki döwürde ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi, telekeçilere hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we öz öňlerinde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda mundan beýläk-de ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň süýt, şöhlat önümleriniň täze görnüşlerini öndürýändigini, doňdurmalaryň, şerbetli içgileriň hem-de örän köp görnüşli şireli suwlaryň hil babatda ýokary halkara ülňülere doly kybap gelýändigini bellemeli. Bu ugurda “Ak gar”, “Aý aýdyň”, “Oguzhan” haryt nyşanly önümler ýurdumyzyň bazarlarynda bolşy ýaly, halkara bazarlarda-da geçginli harytlara öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda hususy ulgamyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagy, olaryň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşmagy hem-de telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň oňyn netije berýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan ýetişdirilýän gök önümleriň we miweleriň gaýtadan işlenilmeginiň ähmiýetlidigini belläp, oba hojalyk önümlerini öndürmekde hem-de gaýtadan işlemekde aýratyn işjeňlik görkezýän “Sahabatly” haryt nyşanly azyk önümleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, öndürilýän önümleriň ekologiýa taýdan ýokary derejä, hil babatda bildirilýän talaplara laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Munuň özi milli önümleriň bolçulygyny üpjün etmek hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak babatda aýratyn ähmiýetlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Sergide “Rowaçly sähra”, “Ýunus”, “Parahat” kärhanalarynyň önümlerine möhüm orun berlipdir. Ýerli arassa çig maldan öndürilen dürli görnüşli önümleriň hiliniň we ekologik taýdan arassalygynyň derejesine ýokary baha berilýär.

Häzirki döwürde türkmen telekeçileriniň dünýäde ilkinjileriň hatarynda pagta çigidinden mesge ýagyny öndürip başlamagy aýratyn guwandyryjydyr. Munuň özi ýurdumyzyň işewür düzümleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesinden ugur alyp, önümçilige täzeçil usullary we sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýandygynyň aýdyň netijesidir.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ç.Gylyjowa hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewe ýurdumyzda ýokary hilli we ekologik talaplara doly laýyk gelýän azyk önümleriniň önümçiliginiň artdyrylmagy, bu işde telekeçileriň has-da işjeňlik görkezmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Sergide “Nurly meýdan”, “Arçalyk” haryt nyşanly önümleriň dürli görnüşleri we beýlekiler görkezilýär. Munuň özi ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän önümleriniň görnüşleriniň yzygiderli artdyrylýandygyny aňladýar.

Bu ýerde durmuş himiýasy önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Sintetik ýuwujylar, zyýansyzlandyryjy serişdeler, kosmetika we parfýumeriýa ulgamynda önüm öndürýän “Täç hil” kompaniýasy ýurdumyzyň bazarlarynda täze önümleri bilen meşhurlyk gazanýar. Hödürlenilýän harytlaryň arasynda ýuwujy serişdeler bolan köpürjikli suwuk sabynyň, çygly süpürgiçleriň täze görnüşleri, şeýle hem aýna arassalaýjy, howany tämizleýji, aşhana plitalaryny arassalaýjy serişdeler we polietilen torbalary bar. Kompaniýa parfýumeriýa önümleriniň 100-den gowrak görnüşini öndürip, olaryň köp bölegini daşary ýurtlara eksport edýär.

Sergide ulag we logistika hyzmatlaryny ýerine ýetirýän hususy kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň üstünlikleri görkezilýär. Şolaryň hatarynda “Bir dünýä”, “Ulag ekspeditorçylyk hyzmatlary” hojalyk jemgyýetleri, “Bir kuwwat” hususy kärhanasy we beýlekiler bar. 

Ýük daşamak bilen meşgullanýan telekeçileriň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň görnüşleri yzygiderli köpelýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän halkara taslamalaryň çäklerinde ulag-logistik kompaniýalaryň işine aýratyn ähmiýet berilýär.

Köpugurly sergide häzirki zaman senagat we elektron tehnikalaryny öndürýän “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň önümleri görkezilýär. Bu hojalyk jemgyýetiniň harytlarynyň görnüşleri yzygiderli artýar. Onda iki sim-kartly ykjam telefonlar, smartfonlar, dürli görnüşli monobloklar, smart-telewizorlar, häzirki zaman sowadyjylary, internet ulgamynyň paýlaýjylary (routerler), agyz suwuny sowadýan we gyzdyrýan enjamlar, şeýle hem LED lampalar öndürilýär.

Sergide görkezilen täze harytlaryň hatarynda ýurdumyzda işlenip taýýarlanylan, Gün energiýasynda işleýän ýolyşyklar hem-de ýol belgileri, şeýle hem adamyň gözüne ýaramaz täsiri bolmadyk, halkara ülňülere doly laýyk gelýän lampalar bar. Önüm öndürijiler olary internet ulgamyndaky resmi saýt arkaly ýerleýärler.

Senetçilik we amaly-haşam sungatynyň önümçiligi bilen meşgullanýan işewür toparlaryň agzalarynyň işleriniň halkymyzyň milli medeni mirasynyň wagyz edilmeginde möhüm orun eýeleýändigini gürrüň berdi. Sergide ajaýyp halylaryň özboluşly aýratynlyklary, zergärleriň işleri we keşdeçileriň önümleri bilen tanyşmak bolýar. Bu ýerde haly we haly önümlerini taýýarlamak boýunça işleýän telekeçi O.Eýeberdiýewa haly önümleriniň dürli görnüşlerini, torbalary, dutar gaplaryny öndürmek, halkymyzyň gadymy halyçylyk däplerini, şeýle-de has irki döwürlerde ulanylan keşdeleri, nagyşlary dikeltmek bilen meşgullanýandyklary barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere giňden çekilmelidiginiň ähmiýetini belledi. Ýurdumyzda kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlarda ýaşlaryň işewürlik başlangyçlaryny goldamaga, önümçilik düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasaty işjeň dowam etdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi we hemmelere üstünlik arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hususyýetçiligi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda yzygiderli alada edýändigi, telekeçilere döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ähli telekeçileriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň telekeçiligini mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek boýunça degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip, yhlasly zähmeti bilen milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyna we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýan hususy işewürligiň wekillerine üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergi 18-nji aprelde tamamlanar. Bu bolsa isleg bildirenleriň ählisiniň hususy önüm öndürijileriň gazananlary bilen tanyşmagyna mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/31002/hormatly-prezidentimiz-senagatcylar-we-telekeciler-birlesmesinin-gazananlarynyn-sergisi-bilen-tanysdy

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.