Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“BAKYLYGA ÖWRÜLEN MERTLER – TÜRKMEN ÝAŞLARY ÜÇIN GÖRELDE MEKDEBI” ATLY AÝDYM - SAZLY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Bu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda ýeňiş güni mynasybetli “Bakylyga öwrülen  mertler – türkmen ýaşlary üçin görelde mekdebi” atly aýdym- sazly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn Asyr:Türkmenistan” teleradioýaýlymynyň alyp baryjysy Selbi Amangulyýewa alyp baryp, onda  Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, uruş weteranlary, Mämedowa Galina Alekseýewna, Pryaniçnikowa Antonina Pawlowna, Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy, kümüş saçly ene Ogultäç Babaýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Gurbanjemal Ylýasowa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Hydyrguly Wohanow, Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş inistitutynyň mugallymy Kerim Döwletow dagylar gatnaşyp çykyş etdiler. Şeýle-de Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň aýdym-saz topary çykyşlary  bilen dabaranyň üstüni ýetirdi. Bu duşuşugyň dowamynda  türkmen halkynyň mert ýigitleriniň görkezen edermenlikleri barada şeýle-de türkmen zenanlarynyň öý ojaklaryna wepalylygy barada ýakymly ýatlamalar hem  söhbetler edildi.

1941 — 1945-nji ýyllaryň agyr ýaralary we ýatlamalary adamlaryň ýüreginde goýup gidenine 77 ýyl dolup, ol bizden barha daşlaşýan hem bolsa, söweşde görkezilen gahrymançylygy, uruş ýyllaryndaky kynçylyklary her bir türkmen öz ýüreginiň töründe saklaýar. Türkmen halky – müňýyllyklara uzaýan taryhynyň dowamynda parahatçylyk söýüji, hoşniýetli häsiýeti bilen özüni giňden tanadan halk bolup  biziň ýaşlarymyza nusga almaga gymmatlyklar kändir – Garaşsyz Watanymyzyň azatlygyny goran edermen ata-babalarymyz  hakyndaky şan-şöhrat halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandyr. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy, Berdimuhamet Annaýewiň edermençiligi  hakynda giňişleýin söhbetler edildi.  Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, duşmana garşy mertlerçe söweşen mugallym, esger, ilhalar adam, 748-nji atyjylyk polkunyň ýefreýtory Berdimuhamet Annaýewiň hem görkezen gahrymançylygy uludyr, elbetde Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýoly bu günki nesiller üçin nusga alarlyk mekdepdir. Çünki bu gazaply uruşda millionlarça adamlar bilen bir hatarda, türkmen halkynyň edermen ogullary Watanymyzyň azatlygy ugrunda gahrymanlarça söweşen gahrymanlarymyzy ýatlap  ýeňiş güni mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda  hatyra çäresi  halkymyzyň hakydasynyň, Watanymyzyň bagtyýar ogullarynyň ölmez-ýitmez gahrymançylyklarynyň öňünde minnetdar nesilleriň çuňňur hormat goýmagynyň we tagzym etmeginiň olaryň  ýagty ýadygärliklerine hormat goýup, ýadygärlikler toplumyna gül  desseleri bilen baryp, tagzym etmekde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary hem işjeň gatnaşýandyklaryny buýsanç bilen bellemek bolar.

 

Ogulnar Baýramowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni  . 

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.