Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«ÖMRÜMIŇ MANYSY» ATLY TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabarada çykyş edenler milli mirasymyzy öwrenmekde we ony halkymyza wagyz etmekde  Mähriban Arkadagymyzyň bize görelde mekdebidigi, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemala gelen döwlet galamyndan çykan kitaplary nesil terbiýesinde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanmalardygy hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän «Ömrümiň manysy» atly edebi-filosofik eserinde  esasy ahlak kadalary we ýörelgeler beýan edilýär. Olara häzirki döwürde-de möhüm ähmiýet berilmegi pederlerimiziň däpleriniň, ahlak kadalarynyň dowamat-dowam bolýandygynyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz täze  eserinde toplan bilimini we baý tejribesini seljerip, olary umumylaşdyrmak bilen, ruhy kämillik, ýaradylyşyň kanuny, her bir adamy belende göterýän oňat gylyk-häsiýetler we ýagşy niýet meselelerine aýratyn üns berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri çuňňur ylmy işdir. Mähriban Arkadagymyzyň öz manyly ömrüniň geçen uzak ýyllarynyň tejribesine daýanyp, düýpli ylmy garaýyşlary, çuňňur seljermeleri esasynda ýazylan eserdir. Bu eser döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän, dürli kärdäki adamlar, döredijilik işgärleri, bütin halkymyz üçin örän gymmatlydyr. Milli medeniýetimizi, taryhymyzy, milli ýol-ýörelgämizi, halkymyzyň ynam-ygtykatyny öwrenýän alymlar üçin örän wajyp ugur alyş çeşmesidir.

Maslahata gatnaşanlar we çykyş edenler Mähriban Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutumly işleriniň dowamat dowam bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.