Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ 30 ÝYLLYGY WE DÖWLET BAÝDAGYNYŇ BAÝRAMY MYNASYBETLI SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn Asyr Türkmenistan” teleýaýlymy bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 30 ýyllygy we Döwlet baýdagynyň baýramy mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik  geçirildi.

Tegelek stolyň başyndaky şu söhbetdeşligi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni O.Baýramowanyň gurnamagynda geçirilip, “Altyn Asyr Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Zeminiň Görki” atly gepleşiginiň redaktory S.Amangulyýewa alyp bardy.

Geçirilen bu söhbetdeşlige Türkmenistanyň Döwlet maliýe institutynyň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy N.Nobatowa, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy P.Meretliýew, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işgärler bölüminiň başlygy,kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy M.Tangiýew dagylar  gatnaşyp çykyş etdiler.

Bu çärä gatnaşyjylar tegelek stoluň başynda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda    “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 30 ýyllygy, şeýle hem Döwlet baýdagynyň baýramynyň bellenilmegi hem-de  demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde amala aşyrylan konstitusion-hukuk özgertmeler barada çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.