Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“IŇ GOWY GYZLAR KLUBY” ATLY BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliiginiň bilelikde gurnamagynda  «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda, ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän Gyzlar klublarynyň arasynda yglan edilen “Iň gowy Gyzlar kluby” atly bäsleşigi geçirildi.

Ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän Gyzlar klublarynyň arasynda yglan edilen “Iň gowy gyzlar kluby” atly bäsleşik okuwçy gyzlarda zähmetsöýerligi, gyz edebini, ahlak gözelligini, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmagy, asylly häsiýetleri kemala getirmegi maksat edinýär. Bu bäsleşik ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy gyzlaryny özünde jemleýän Gyzlar klublarynyň işini kämilleşdirmäge, okuwçy gyzlary el işlerine, dürli hünärlere ugrukdyrmaga, işjeňligini ýokarlandyrmaga, olaryň jemgyýetçilik işine işjeň gatnaşmaklygyny gazanmaklyga we amatly haşam sungatyna bolan söýgüsini, ukybyny we zehinini, başarnygyny açyp görkezmäge, çeper elli gyzlary ýüze çykarmaga giňden ýardam eder.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.