Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DÖREDIJILIKLI ZÄHMETIŇ REHNEDI

Mälim bolşy ýaly, oglanjygyň ýa-da gyzjagazyň ylym--bilimiň, durmuşyň uç-gyraksyz giňişligindäki ilkinji ädimleri başlangyç synplardan başlanýar. Has takygy, çagalaryň geljekde ylymly- -bilimli, edep-terbiýeli, il-gününe haýyrly adamlar bolup, durmuşdaky ädimleriniň ynamly we şowly bolmagynyň düýbi başlangyç synplarda alan bilim-terbiýesinde tutulýar. Beýle diýildigi başlangyç synp mugallymlarynyň paýyna düşýän ýokary jogapkärçiligi aňladýar.

Men şu jogapkärçilikden ugur alyp, okuwçylara talaba laýyk bilim we terbiýe bermäge çalyşýaryn. Onsoňam, başlangyç synp mugallymyna has sabyrlylyk, geçirimlilik, irginsizlik mahsus bolmalydyr. Munuň ýene bir aýratynlygam bar. Ol bolsa, başlangyç synplaryň okuwçylary bilmäge, öwrenmäge höweslilikleri bilen tapawutlanýarlar. Bu ýagdaý çagalara bilim-terbiýe bermekde örän bähbitli mümkinçilikleri açyp, gowy netijeleriň gazanylmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Men işimden daşary dürli bäsleşiklere-de yzygiderli gatnaşýaryn. Bu bolsa hünärime has kämilleşmegime ýardam edýär.

 

Mahym ESENOWA.

Mary şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy.

Maru-şahu jahan gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.