Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

YHLASDAN GÖZBAŞLY ÜSTÜNLIK

Ýurdumyzda nesil terbiýesi bilen bagly jogapkärli wezipeler durmuşa geçirilýär. Şol wezipelerem hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatyny durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Aslynda, çaganyň ylym-bilimiň uç-gyraksyz giňişligine tarap ilkinji ädimleri mekdepden başlanýar.

Elbetde, bilim işgäriniň wezipesiniň kynçylygam, aladasam ýeterlik. Ýaş nesle bilim-terbiýe bermek mugallymdan sabyrlylygy, irginsiz zähmeti talap edýär. Mekdebimizde okuwçylar bilen geçilýän sapaklaryň täsirliligini gazanmak esasy wezipelerimiziň biri. Bir bellemeli zat, mugallym işine ökde bolanda okuwçylaryň öwredilýänlere ünsli bolmaklaryny başarýar. Sapak gyzykly guralanda çagalar geçilýän temany ymykly özleşdirýärler.

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda-da nesil terbiýesinde jogapkärli wezipeler ýerine ýetirilip, belent sepgitlere eýe bolunýar. Biz möhüm wezipede ýokary netijeleri gazanyp, üstümizdäki ýylyň uly üstünlikleriň ýyly bolmagyna saldamly goşandymyzy goşarys.

 

Gülaýym ÝAGMYROWA.

Serhetabat etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň müdiri, KA-nyň işjeň agzasy.

Maru-şahu jahan gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.