Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BILMÄN ÝAZGARMA!

Bir gezek bir gul hanyň ýanyna gelip:

— Sen zalym, rehimsiz! Men senden gorkmaýaryn. Saňa bar zady aýtjak. Ondan soňra meni öldürmäge buýruk berip bilersiň — diýip, gypynçsyz gürläpdir.

Han barmagyndaky ýüzügi çykaryp:

— Aýdýan zadyňy pikirlen, bar git-de, şu ýüzügi bir altyn teňňä sat — diýipdir.

Bazarda hiç kim bu gymmat bahaly ýüzügi almak islemändir, ony dörtden bir baha almaga isleg bildiripdirler. Haçan-da, gul ýüzügiň bahasyny aýdanynda, onuň üstünden gülüpdirler, hemem ony kowup goýberipdirler.

Ol kişi hanyň ýanyna körkeýp gelip:

— Seniň bi ýüzügiň hem özüň ýaly ekeni, ol hiç zada durmaýar ekeni — diýip, kine bilen ýüzlenipdir.

— Sen altyn bilen iş salyşýan zergäriň ýanyna bar, ondan bu ýüzügiň bahasyny sora — diýip, han ýene-de gula ýüzlenipdir.

Gul yzyna gelip, geň galmak bilen:

— Me, ýüzügiňi al! Zergär ony müň altyn teňňe bahalady — diýýär.

— Sen bu ýüzüge-de, bazardaky adamlara-da düşünmän, nädip meni ýazgaryp bilýärsiň — — diýip, han gula ýüzlenipdir.

 

Rus dilinden terjime eden Amanmyrat ÝAMADOW.

Wekilbazar etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň geografiýa mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy.

Maru-şahu jahan gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.