Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KONSTITUSIÝA — DÖWLETIŇ EBEDI BINÝADY

Ýene sanlyja günden Baş Kanunymyzyň kabul edilenine 30 ýyl dolýar. Taryhy nukdaýnazardan gysga wagtyň içinde Türkmenistanda düýpli özgertmeler bolup geçdi. Ilkinji gezek konstitusion özgertmeler 1995-nji, soňra 1999-njy, 2003-nji, 2005-nji, 2006-njy, 2008-nji, 2016-njy, 2017-nji we 2020-nji ýyllarda girizildi. Geçen ýyllaryň dowamynda döwlet-hukuk gurluşyna degişli bolan birnäçe kanunlar kabul edildi we ençeme çäreler geçirildi. Türkmen jemgyýeti özüniň ösüşiniň täze eýýamyna: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basdy. Jemgyýet gatnaşyklarynyň ösmegi bilen, milli Liderimiziň içeri we daşary syýasatynda, ykdysadyýetde we beýleki pudaklarda, şeýle hem halkyň durmuş üpjünçiligi bilen bagly başlangyçlarynyň we özgertmeleriniň doly möçberde goldanylmagy Konstitusiýamyzyň käbir düzgünlerini kämilleşdirmek zerurlygyny ýüze çykardy. Şoňa görä-de, 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy kabul edildi. Konstitusiýanyň täze «Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamy» atly girizilen VII bölüminde Türkmenistanyň milli walýutasy manat barada ýokary Konstitusiýa derejesinde Türkmenistanda bazar ykdysadyýetiniň esasy maksatlary, telekeçiligi höweslendirmek we goldamak göz öňünde tutulýar. Bu konstitusion düzgünde geljekde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň, şeýle hem kiçi we orta işewürligiň ýörelgeleri ykrar edilýär, milli manadymyzyň at-abraýy, onuň ýeke-täk töleg-hasaplaşyk serişdesi hökmünde ulanylyşy öz beýanyny tapýar. Döwrüň talabyna laýyklykda konstitusion özgertmeleriň wajyp wezipeleriniň biri-de milli döwlet gurluşynyň mazmunyna täze äheň bermekden, ony kämilleşdirmekden we geljekde döwletimizi halkara bileleşigine girýän ösen döwletleriň hataryna goşmakdan ybarat. Bu şertler halkara bileleşigi tarapyndan umumy ykrar edilen ýörelgeleri, daşary ýurtlaryň döwlet gurluşynyň aýratynlyklaryny we tejribelerini öz içine alýar.

Döwletimiziň ösüşiniň her tapgyry özüniň aýratynlygy bilen tapawutlanýar. 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň kanun çykaryjy edarasynyň işini we gurluşyny kämilleşdirmek maksady bilen, konstitusion özgertmeleriň täze tapgyry yglan edildi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny üýtgetmek hem-de iki palataly parlament ulgamyna geçmek barada teklip etdi we bu teklip uly goldawa eýe boldy. Konstitusion özgertmeleriň netijesinde iki palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşi döredildi. Milli parlamentimiziň iki palata geçmegi bilen bagly Konstitusiýa täze maddalaryň girizilmegi Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyny kesgitleýän maddalarynyň hem many-mazmunyny kämilleşdirýär, olaryň özara sazlaşykly işlemegini üpjün edýär, kanun çykaryjy häkimiýetiň işjeňligini artdyrýar. Parlamentarizmiň tejribesinde birmeňzeş tejribe ýok. Her bir halk we döwlet milli döwlet gurluşynda öz ýoluny seçip-saýlap alýar. Dürli tejribeleriň bolmagy her bir döwletiň özüniň döwlet häkimiýet gurluşynyň gelip çykyşynyň taryhy çeşmelerine, milli däp-dessurlaryna we adatlaryna, häzirki zaman konstitusion ylmynda hereket edýän taglymatlaryna, nazaryýetlerine we tejribelerine esaslanýar. Şoňa görä-de, döwletleriň parlament ulgamy, bir tarapdan, öz milli çeşmelerini, ikinji tarapdan, umumy konstitusion ylmynyň we tejribesiniň gazananlaryny özünde birleşdirýär. Konstitusion özgertmeleriň netijesinde ilkinji gezek Türkmenistanyň täze taryhynda milli parlamentarizmde iki palatalaýyn ulgama geçmek bilen bagly çäreler amal edildi we Halk Maslahatyndan hem-de Mejlisden ybarat bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşi döredildi. Iki palata geçmegiň ähmiýeti örän uludyr. 2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasy bolan Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Milli Liderimiz şol maslahatda: «Bu gün — taryhy gün. Biz şu gün ýurdumyzda täze edarany — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyny döretdik. Iki palataly kanun çykaryjy edara Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga hyzmat eder» diýip belledi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň döredilmegi biziň döwletimizde syýasy asudalygy, halk bitewüligini mundan beýläk-de berkitmäge we onuň netijesinde raýat jemgyýetiniň kämilleşmegine mümkinçilik döreder. Hil taýdan täze iki palataly ulgama geçilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge, Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralary bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer, kanunlaryň hil taýdan kämil bolmagyna we döwrebaplygyna, olaryň ýerine ýetirilişine parlament gözegçiligini güýçlendirmäge itergi berer.

2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabarada eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz: «Döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatdaky ynsanperwer syýasatyny mundan beýläk hem üpjün ederis» diýip belledi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň geljegi uludyr. Konstitusiýa 30 ýylyň içinde döwlet gurluşygynda türkmen halkynyň milli demokratiýasynyň nusgalaryny, adatlaryny, däp-dessurlaryny, şeýle hem dünýä parlamentarizminiň usullaryny we tejribelerini, umumadamzat gymmatlyklaryny beýan etdi, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem azatlyklaryny ykrar etdi. Bu bolsa halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň anyk kepilidir.

Esasy Kanunda döwlet gurluşygy baradaky häzirki zaman ylmy garaýyşlara nazar aýlamak, şeýle hem beýik akyldarlaryň oý-pikirlerini ulanmak bilen birlikde halkymyza mahsus bolan milli döwlet-hukuk gurluşygynyň aýratynlyklary hem beýan edilýär. Biz hormatly Prezidentimizi, tutuş halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

 

Myrat HAITOW,

ýuridiki ylymlaryň doktory, professor.

Edebiýat we sungat gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.