Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DÜNÝÄMIZIŇ BEZEGI

Sport biziň dünýämizi bezeýän, saglygymyzy berkidýän maşk bolup durýar. Çünki, sport bilen meşgullanýan ynsanyň jany sagat, daşky görki-de owadan bolýar. Şeýle-de, sport adamyň şähdiniň açyk bolmagyna--da oňat täsir edýär. Onuň käbir görnüşleri bolsa ykjam pikirlenmäge, ýatkeşligiňi berkitmäge ýardam edýär. Şonuň üçin-de, biz — tälimçiler ýaşlaryň arasynda sportuň ähli babatda ynsan üçin peýdalydygyny nygtap, olaryň sport bilen meşgullanmagyny maslahat berýäris.

Biziň mekdebimizde ençeme türgen sportuň dürli görnüşi boýunça türgenleşip, olar geçirilýän ýaryşlarda öňdäki orunlary eýeläp, türkmen sportunyň arşa göterilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Türgenlerimiziň gazanýan her bir üstünligi welaýatymyzyň, etrabymyzyň abraýyna abraý goşup, biz — tälimçileri diýseň buýsandyrýar.

 

Şatlyk DURDYGYLYJOW.

Sakarçäge etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi, KA-nyň işjeň agzasy.

Maru-şahu jahan gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.