Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“ZERIM BAR, ZERGÄRIM BAR, BAGTYÝAR ZAMANAM BAR” ATLY DÖREDIJILIK BÄŞLEŞIGI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 8-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň  Milli merkezi bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde gurnamagynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda   “Zerim bar, zergärim bar,bagtyýar zamanam bar” atly döredijilik bäsleşigi  geçirildi.

“Zerim bar, zergärim bar,bagtyýar zamanam bar” atly döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň  Milli merkezi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly şygryýet güni mynasybetli halal zähmetleri bilen ýurdumyzyň gülläp ösmegine goşantlaryny goşýan, öz işleri bilen halkymyzyň bagtly günlerini, toý-baýramlaryny bezeýän döredijilik işgärleriniň, höwesjeň zenanlaryň, edara-kärhanalarda, guramalarda zähmet çekýän işgärleriň, talyp ýaşlaryň arasynda  geçirildi.

“Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar” atly döredijilik bäsleşiginiň Düzgünnamasynda kesgitlenen şertlerine we tertibine laýyklykda, bu bäsleşigiň esasy maksady  türkmen halkynyň amaly haşam sungaty baý we köpugurly bolmak bilen, onuň haly, zergärçilik, dokmaçylyk we keçeçilik ýaly görnüşleri mälim bolup, Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň taryhyny, medeni mirasyny öwrenmeklige uly üns berilýär. Türkmen halkynyň  zergärçilik sungaty öz gözbaşyny muňýyllyklardan alyp gaýdýar. Zergärçilik sungatyny synlap, geçmişde türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň baý, kalbynyň gözel we ajaýyp bolandygyna şaýat bolup, türkmeniň zergärçilik sungaty hem gadymy döwürlerden bäri halkymyzy bütin dünýä meşhur eden asyl sungatlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda aýdyň ýol bilen belentliklerden-belentliklere barýan Watanymyzyň pajarlap ösmegine uly goşant goşýan müňýyllyklar içre ömür dowamynda öwrülip, ajaýyp sungat eseri derejesinde kämilleşen altyn, kümüş şaý-seplerimizi döredýän zergärleriň, pederlerimizden miras galan däp-dessurlarymyza,edim-gylymlarymyza goýýan sarpasyny,türkmen milli lybaslaryny  bezeýän ajaýyp şaý-seplerimizi, bedew atlarymyzyň esbaplarynyň bezeg işlerini döretmekde öz ussatlaryny,şahsy başarnyklaryny açyp görkezmek arkaly ýaşlarda zähmetsöýerligi, ýaş nesillerimizde zergärçilik sungatyna bolan höwesi artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde “Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar” atly  döredijilik bäsleşigi  yglan etdiler.

Bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlary 2022-nji ýylyň 14-nji maýyna çenli, Aşgabat şäher we welaýat tapgyrlary 2022-nji ýylyň 24-nji maýyna çenli geçirildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmeleri,Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümleri bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlaryny teleýaýlymynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen yzygiderli halk köpçülige ýetirildi.

Şeýle hem, Aşgabat şäher, welaýat hem-de jemleýji tapgyrlary bolsa dolulygyna ýazgy edilip, teleýaýlymyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirildi. Bäsleşigiň jemi jemlenende bäsleşige gatnaşyjylaryň bäsleşige hödürlenen işlere, ýasalan şaý-sepleriň gadymy nusgalaryna, döwrebap görnüşlerine we syrlara öwrülen gaşlaryň manysyny açyp görkezişlerinde söz çeperçiligine Eminler tarapyndan hem aýratyn baha berildi.

Şeýlelik-de, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan edlen “Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly şygryýet güni mynasybetli 2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda geçirildi.

“Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar” atly döredijilik bäsleşiginiň Düzgünnamasyna laýyklykda, bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan taýýarlanan sowgatlar hem-de Hormat hatlary bilen sylaglandylar. 

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.